HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Geçen çärýekde smartfon bazary 8,4% ösdi

Aprel 16, 2024 | 11:13 |6856
«International Data Corporation» (IDC) halkara gözleg kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde smartfon bazary 8,4% ösüş gazandy.«International Data Corporation» (IDC) halkara gözleg kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde smartfon bazary 8,4% ösüş gazandy.
Çeşme: iphones.ru

«International Data Corporation» (IDC) halkara gözleg kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde smartfon bazary 8,4% ösüş gazandy.

Bütin dünýäde 289,4 million smartfon ýerlenildi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,8% köpdür.

«Samsung» «Apple» kompaniýasyndan öňe geçip, ýene-de iň uly üpjün ediji boldy. Günorta Koreýanyň öndürijisiniň paýy 20,8% bolup, ol 60,1 million smartfon ýerledi. Ýöne geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kompaniýanyň ýerlän önümleriniň mukdarynyň 0,7% azalandygyny bellemek gerek.

Ilkinji üçlügi tamamlan Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasy bolsa ýerlenilen önümleriň mukdaryny 33,8 % artdyryp, 40,8 million smartfona ýetirdi.

Dördünji orunda 28,5 million smartfon ýerlän we bazardaky paýy 9,9% bolan Hytaýyň ýene bir kompaniýasy «Transsion» ýerleşdi. Ol ýylyň dowamynda üpjünçiligini birbada 84,9% ýokarlandyrdy.

IDC-niň analitikleriniň pikiriçe, ýakyn wagtda «Samsung» we «Apple» smartfon bazarynda öňdebaryjy orunlaryny saklamaklaryny dowam etdirerler.

Kompaniýalaryň wekilleri smartfonlaryň ortaça satuw bahasynyň ýokarlanýandygyny tassyklaýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026