HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Yandex Cloud» Merkezi Aziýadaky ulanyjylar üçin bulut hyzmatlaryny işe girizdi

Aprel 12, 2024 | 17:09 |18721
Russiýanyň «Ýandeks» internet kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Yandex Cloud» köpçülikleýin bulut platformasy Merkezi Aziýadaky ulanyjylar üçin bulut hyzmatlarynyň işe girizilýändigini habar berdi.Russiýanyň «Ýandeks» internet kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Yandex Cloud» köpçülikleýin bulut platformasy Merkezi Aziýadaky ulanyjylar üçin bulut hyzmatlarynyň işe girizilýändigini habar berdi.
Çeşme: cisoclub.ru

Russiýanyň «Ýandeks» internet kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Yandex Cloud» köpçülikleýin bulut platformasy Merkezi Aziýadaky ulanyjylar üçin bulut hyzmatlarynyň işe girizilýändigini habar berdi.

Munuň özi Gazagystandaky (Karaganda şäheri) Maglumatlary gaýtadan işleýiş merkeziniň (MGIM) binýadynda serwer infrastrukturasy bolan täze kz1 sebitiniň işe girizilmegi netijesinde mümkin boldy.

Indi sebitdäki kompaniýalar maglumatlary, emeli aň (AI) hem-de maşyn öwreniş tehnologiýalaryny saklamak we gaýtadan işlemek, şeýle hem hususy sanly önümlerini ösdürmek, synagdan geçirmek we işe girizmek üçin «Yandex Cloud» çözgütlerini ulanyp bilerler.

Gazak hem-de özbek dillerini goldaýan «Yandex SpeechKit» sözleýiş tanamak we sintez hyzmaty kompaniýalara jaň merkezleri üçin sesli kömekçileri we robotlary döretmäge mümkinçilik berer.

Hyzmatlar üçin nyrhlar tengede hasaplanýar.

Bu ädim sebitdäki «Yandex Cloud» hyzmatynyň uzakmöhletleýin ösüş strategiýasynyň bir bölegidir.

«Ýerli maglumat merkezine esaslanýan bulut platformasynyň işe girizilmegi Gazagystanda we Merkezi Aziýada ulanyjylarymyza has ýakynlaşmak üçin ýene bir ädimdir. Gazagystanda «Yandex Cloud» tehnologiýalar merkeziniň döredilmeginiň ýurduň IT bazaryna maýa goýumlary artdyrmak, şeýle hem Gazagystanda we tutuş Merkezi Aziýada innowasiýalary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýarys» diýip, kompaniýada bellediler.

Kompaniýanyň hyzmatlarynyň we çözgütleriniň eýýäm Gazagystanyň onlarça iri we orta kärhanalary, başlangyç kompaniýalary hem-de döwlet düzümine degişli guramalar tarapyndan ulanylýandygyny bellemek gerek.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

Ýandeks Sona neýrotoruny döretdi: aýdym-saz maslahatlary has takyk we şahsylaşdyrylan boldy

11:04 Oktýabr 03, 2026
Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Gazagystan Merkezi Aziýada emeli añ merkezine öwrülmegi maksat edinýär

10:54 Oktýabr 03, 2026
Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

22:05 Oktýabr 02, 2026