HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly mekdep okuwçysy Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklar institutynyň Parlament modeline gatnaşdy

Aprel 10, 2024 | 13:33 |7041
A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-russiýa umumybilim berýän mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Anna Orlowa Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklar institutynyň Parlament modeli bütinrussiýa taslamasynyň jemleýji tapgyryna gatnaşdy.A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-russiýa umumybilim berýän mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Anna Orlowa Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklar institutynyň Parlament modeli bütinrussiýa taslamasynyň jemleýji tapgyryna gatnaşdy.
Çeşme: Anna Orlowa tarapyndan berildi

A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-russiýa umumybilim berýän mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Anna Orlowa Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklar institutynyň Parlament modeli bütinrussiýa taslamasynyň jemleýji tapgyryna gatnaşdy.

IV Parlament modeliniň ýapylyş dabarasy RF-iň DIM-niň Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklar institutynda 5-nji aprelde geçirildi.

Anna Orlowa taslamanyň gönüden-göni gatnaşylýan jemleýji tapgyryna gatnaşan GDA ýurtlaryndan ýeke-täk mekdep okuwçysy boldy.

Dört günüň dowamynda 13 sany ugurdaş komitetler hereket edip, olaryň çäklerinde kanun taslamalary hem-de möhüm durmuş-ykdysady we syýasy-hukuk meseleleri boýunça kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek babatda teklipler taýýarlanyldy. Annanyň aýtmagyna görä, täzelik bolmagyna garamazdan, bu ugur mekdep okuwçysynda uly gyzyklanma döretdi.

Şu ýyl bu çärä Russiýanyň we daşary ýurtlarynyň dürli şäherlerinden 1500-e golaý wekil gatnaşdy.

2023-nji ýylyň 28-nji noýabryndan 21-nji dekabry aralygynda kanunçykaryjylyk işine we parlament amallaryna bagyşlanan göni we gaýybana gatnaşykly bilim okuwy geçirildi. Okuwyň jemleri boýunça Moskwanyň Döwlet halkara gatnaşyklar institutynyň Parlament modeliniň gönüden-göni gatnaşykly tapgyryna gatnaşjak dalaşgärler saýlanyp alyndy.

Bu taslama ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek we talyplaryň kanunçykaryjylyk ukyplaryna kämilleşdirmek maksady bilen, “Ileri tutulýan ugur 2030” atly maksatnamanyň çäklerinde 2019-njy ýyldan bäri geçirilýär.

Her ýyl geçirilýän bu çäre talyplara nazaryýet bilimlerini tejribede ulanmaga, şeýle hem hukuk ulgamynyň hünärleri hökmünde köpçülikde çykyş etmek ukyplaryny görkezmäge, öz garaýyşlaryny goramaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar dürli pudaklardan çagyrylan bilermenlerden tejribe alýarlar.

<p style="text-align: right"><em><strong>ORIENT news</strong></em></p>

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026