HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi onlaýn maslahatlary we okuwlary geçirmek üçin enjamlary aldy

Aprel 06, 2024 | 13:50 |8427
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhet dolandyryşyna ýardam bermek Maksatnamasy (BOMCA 10), Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine onlaýn maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen jemi bahasy 7 müň 927 ýewro bolan üç toplum enjamlary gowşurdy.Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhet dolandyryşyna ýardam bermek Maksatnamasy (BOMCA 10), Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine onlaýn maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen jemi bahasy 7 müň 927 ýewro bolan üç toplum enjamlary gowşurdy.
Çeşme: bomca-eu.org

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhet dolandyryşyna ýardam bermek Maksatnamasy (BOMCA 10), Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine onlaýn maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen jemi bahasy 7 müň 927 ýewro bolan üç toplum enjamlary gowşurdy.

Hususan-da, wideo maslahatlar üçin niýetlenen enjamlara kamera, mikrofonlar we dinamikler, noutbuk we telewizor girýär. Bu, öz gezeginde, operatiw derňew toparlaryny, şeýle hem uzak aralykdan okuwary we seminarlary, jemgyýetçilik howpsuzlygy meseleleri boýunça maslahatlary, şeýle-de transmilli guramaçylykly jenaýatyň, bikanun neşe söwdasynyň öňüni almak, adam söwdasy, serhetde hem-de ýurduň içinde beýleki jenaýat görnüşleri we oňa garşy göreşmek üçin iň soňky tehniki çözgütleri hödürleýär.

2.1.jpg

Bu emläkler, hukuk goraýjy edaralara serhetaşa jenaýatlary derňemekde goldaw bermek maksady bilen BOMCA 10 “Düzgünleri ýüze çykarmak mümkinçiligini ýokarlandyrmak” Maksatnamasynyň 2-nji bölümi boýunça alyndy.


2-4-nji aprel aralygynda Almaty şäherinde Merkezi Aziýada serhet dolandyryşyna ýardam bermek Maksatnamasy töwekgelçilikleri dolandyrmagy fitosanitar importyna gözegçilik prosesine integrasiýa boýunça sebitleýin seminar geçirdi.

Bu çäre, importyň we eksportyň fitosanitar gözegçiligi bilen meşgullanýan guramalar üçin gurnaldy we sanitariýa, fitosanitar töwekgelçiligi dolandyrmak we derňew işlerinde halkara tejribesini üpjün etmegi maksat edinýär. Mundan başga-da, seminar ygtyýarly edaralara ýurduň ýagdaýyna görä töwekgelçilik seljermesi esasynda ýöriteleşdirilen milli import gözegçiligi meýilnamasyny düzmekde goldaw berdi.

3.1.jpg

Çäräniň netijelerine esaslanyp, bar bolan fitosanitar import gözegçiligine integrasiýa üçin töwekgelçilikleri dolandyrmak ýörelgeleri boýunça teklipler işlenip taýýarlanylar. Netijede, olar gatnaşyjy bölümlere goşmaça derňew we resmi resminamalara goşmak üçin berler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026