HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kanada emeli aňy ösdürmeklige 2,4 milliard dollar maýa goýýar

Aprel 08, 2024 | 16:32 |7587
Hökümetiň täze býujetiniň kabul edilmeginiň öňüsyrasynda Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trýudo ýurtda emeli aňy ösdürmeklige uly maýa goýumlarynyň goýuljakdygyny yglan etdi.Hökümetiň täze býujetiniň kabul edilmeginiň öňüsyrasynda Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trýudo ýurtda emeli aňy ösdürmeklige uly maýa goýumlarynyň goýuljakdygyny yglan etdi.
Çeşme: ixbt.com

Hökümetiň täze býujetiniň kabul edilmeginiň öňüsyrasynda Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trýudo ýurtda emeli aňy ösdürmeklige uly maýa goýumlarynyň goýuljakdygyny yglan etdi.

Şeýlelikde, 2,4 milliard Kanada dollary (ABŞ-nyň 1,8 milliard dollary) möçberinde gazna dörediler.

Esasy üns emeli aň ulgamyna degişli gözlegçiler, başlangyç kompaniýalar we iri kompaniýalar üçin hasaplaýyş mümkinçiliklerini hem-de tehnologiýa infrastrukturasyny giňeltmäge gönükdiriler. Bu ugurda gözlegleri we işläp düzmeleri çaltlaşdyrmaga gönükdirilen hasaplaýyş çeşmelerini döretmek üçin Kanada 2 milliard dollaryny bölüp bermek meýilleşdirilýär.

Maliýe serişdeleriniň galan bölegi öndürijiligi ýokarlandyrmak we ykdysady ösüşi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň oba hojalygy hem-de saglygy goraýyş ýaly dürli pudaklaryna emeli aňy ornaşdyrmagy çaltlaşdyrmak üçin ulanylar.

Şeýle hem emeli aňyň howpsuzlygy ugrundaky gözleglere we taslamalara ünsi jemlemek üçin 50 million Kanada dollary býujeti bolan Kanadanyň emeli aň howpsuzlygy instituty dörediler.

Şeýle hem Kanadada emeli aňyň ulanylyşyny we maglumatlary gaýtadan işlemegi düzgünleşdirmek üçin kanunlar işlenilip düzülýär. Bu resminama ýurduň parlamentiniň garamagyndadyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026