HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

12 müňden gowrak musulman Russiýada geçirilen giň gerimli agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Aprel 01, 2024 | 16:07 |7827
Kazanda geçirilen Respublikan derejesindäki agzaçar sadakasy 12 müňden gowrak musulmany bir ýere jemledi. Olaryň hatarynda Palestinanyň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, Kataryň, Kuweýtiň, Bahreýniň, BAE-niň we Yslam dünýäsiniň beýleki ýurtlarynyň wekilleri hem bar.Kazanda geçirilen Respublikan derejesindäki agzaçar sadakasy 12 müňden gowrak musulmany bir ýere jemledi. Olaryň hatarynda Palestinanyň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, Kataryň, Kuweýtiň, Bahreýniň, BAE-niň we Yslam dünýäsiniň beýleki ýurtlarynyň wekilleri hem bar.
Çeşme: «KazanForum 2024» forumynyň metbugat gullugy

Kazanda geçirilen Respublikan derejesindäki agzaçar sadakasy 12 müňden gowrak musulmany bir ýere jemledi. Olaryň hatarynda Palestinanyň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, Kataryň, Kuweýtiň, Bahreýniň, BAE-niň we Yslam dünýäsiniň beýleki ýurtlarynyň wekilleri hem bar.

Bu ýyl agzaçar sadakasy ilkinji gezek «Russiýa – Yslam dünýäsi» strategiki görüş toparynyň goldaw bermeginde geçirildi we halkara derejesine eýe boldy. Oňa Yslam döwletleriniň ilçileri we konsullary, halkara guramalarynyň wekilleri myhman hökmünde gatnaşdylar. Çäre «Kazan Ekspo» sergi pawilýonynda geçirildi. Agyz açylmazdan we agşam namazyny okalmazdan ozal Russiýada yglan edilen Maşgala ýylynyň çäklerinde maşgala gymmatlyklary baradaky wagyzlar diňlenildi.

Saçagyň esasy tagamy adaty palaw, guradylan miweler we gündogar süýjülikleri boldy. Köpçülikleýin agzaçar sadakasyna, takmynan, 3 tonna et, 1,5 tonna tüwi, 1 tonnadan gowrak guradylan miwe we 2 tonna gök önüm, 2 müň litr miwe şiresi, 12 müň çüýşe suw hem-de limonad sarp edildi. Sergi toplumynyň pawilýonynda myhmanlar üçin halal önümleriň sergisi, şeýle hem Oraza aýyna bagyşlanan 3D gurnama guraldy.

Agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara «Kazan basmasy» tarapyndan neşir edilen Gurhanyň täzelenen neşiri bolan mushaf sowgat berildi. Ol 1803-nji ýylda Kazanyň Aziýa neşirýatynda peýda bolup, Gurhanyň ilkinji neşir edilen nusgasy hökmünde taryha girdi we musulman dünýäsinde mukaddes diýlip ykrar edildi.

Ýatlatsak, Kazan şäheri yslam dinini we Russiýa Federasiýasy bilen Yslam dünýäsiniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde iň möhüm merkezleriň birine öwrülýär. Eýýäm 2024-nji ýylyň maý aýynda Kazanda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly XV halkara ykdysady forumy geçiriler. Bu Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynda geçirilýän iň uly çäredir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026