HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Turkmenistan Airlines» Bangkok we Kuala-Lumpur şäherlerine uçuşlarynda awiakompaniýalar bilen bäsleşer

Aprel 03, 2024 | 10:58 |5054
Türkmenistanyň milli awiakompaniýasy «Turkmenistan Airlines» daşary ýurtly syýahatçylara elýeterli bahalardan amatly uçuş ugurlaryny hödürlemek bilen, öz ornuny pugtalandyrýar. Bu barada «travelpress.kz» habar berýär.Türkmenistanyň milli awiakompaniýasy «Turkmenistan Airlines» daşary ýurtly syýahatçylara elýeterli bahalardan amatly uçuş ugurlaryny hödürlemek bilen, öz ornuny pugtalandyrýar. Bu barada «travelpress.kz» habar berýär.
Çeşme: awtoulag.gov.tm

Türkmenistanyň milli awiakompaniýasy «Turkmenistan Airlines» daşary ýurtly syýahatçylara elýeterli bahalardan amatly uçuş ugurlaryny hödürlemek bilen, öz ornuny pugtalandyrýar. Bu barada «travelpress.kz» habar berýär.

Şeýlelikde, türkmen awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa gatnawlaryň sanyny hepdede bäşden alty gezege çenli artdyrdy. Häzirki wagtda «Turkmenistan Airlines» tarapyndan russiýaly syýahatçylar üçin esasy uçuş ugurlary hökmünde Bangkok, Hoşimin we Kuala-Lumpur şäherlerine gatnawlar göz öňünde tutulandyr.

Bangkok şäherine uçuşlaryň üstünlikli dikeldilmegi we 2023-nji ýylyň dekabrynda satyljak ýerleriň köpelmegi uçuşlaryň 90%-den gowrak derejede dolmagyna sebäp boldy.

«Moskwa uçuşlaryň ýygylygynyň artdyrylmagy fewral we mart aýlarynda bildirilýän ýokary islegler hem-de käbir seneler üçin petekleriň satylyp gutarmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr» diýip, «Turkmenistan Airlines» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş subagenti, «ITM group» kompaniýasynyň ösüş boýunça direktory Anatoliý Zubenko belledi.

Syýahatçynyň Russiýadan Kuala-Lumpur şäherine uçuşynyň umumy wagty ugurdaş uçuşlary we garaşmaly wagty göz öňünde tutsak, jemi 13 sagat töweregi bolýar. Dubaýyň üsti bilen alternatiw ugur bilen deňeşdirilende, iň az uçuş wagty 12 sagat 35 minuda deňdir, emma ugurdaş uçuşlar üçin garaşmaly wagt, takmynan, 7 sagatdyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026