HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ärdogan: Türkiýedäki saýlawlar demokratiýanyň ýeňşi boldy

Aprel 01, 2024 | 16:39 |5029
Türkiýede ýerli häkimiýet edaralaryna saýlawlar geçirildi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.Türkiýede ýerli häkimiýet edaralaryna saýlawlar geçirildi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
Çeşme: aa.com.tr

Türkiýede ýerli häkimiýet edaralaryna saýlawlar geçirildi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

20 ýylda ilkinji gezek garşydaş Respublikan halk partiýasy dolandyryjy Adalat we galkynyş partiýasyndan öňe saýlandy. Ankara, Stambul we Izmir ýaly uly şäherleriň häkimleri öz wezipelerinde galdylar.

Adalat we galkynyş partiýasynyň (AKP) baş binasynda eden çykyşynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Respublikadaky ýerli häkimiýet edaralaryna saýlawlaryň türk demokratiýasynyň beýanydygyny aýtdy.

«Netijelere garamazdan, bu saýlawlaryň ýeňijisi, ilkinji nobatda demokratiýamyz, halkymyzyň erk-islegi bolar. Saýlaw marafonynyň ýeňijileri, ilkinji nobatda, dalaşgärler däl-de, eýsem, Türkiýe, syýasy garaýyşlaryna garamazdan, ýurduň 85 million raýatynyň ählisi boldy» diýip, Ärdogan aýtdy we türk demokratiýasy özüniň kämilligini ýene bir gezek subut edendigini belledi.

Türk döwlet Baştutany saýlaw uçastoklaryna gelen ähli saýlawçylara minnetdarlyk bildirdi.

Geljek dört ýylyň ýurt üçin ähmiýetine ünsi çekip, Rejep Taýyp Ärdogan üstünliklere ýetmek syýasaty we halka hyzmat etmek arkaly kämilligini görkezmäge, Türkiýäniň her bir ýaşaýjysynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de geljege bolan umytlaryny durmuşa geçirmek üçin işlemegi dowam etdirmäge söz berdi

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026