HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Uzum» – bazar bahasy 1,16 milliard dollar bolan ilkinji özbek «ýekeşah» başlangyç kompaniýasydyr

Mart 29, 2024 | 14:35 |5793
Onlaýn-söwda, maliýe tehnologiýalaryna we azyk önümlerini eltip bermek hyzmatyna ýöriteleşen «Uzum» özbek başlangyç kompaniýasy bazar bahasy ABŞ-nyň 1,16 milliard dollary bolan Respublikadaky ilkinji «ýekeşah» başlangyç kompaniýasy (bazar bahasy 1 milliard dollardan geçen başlangyç kompaniýalar şeýle atlandyrylýar) boldy. Ol ABŞ-nyň 114 000 000 dollary möçberinde maýa serişdelerini özüne çekdi.Onlaýn-söwda, maliýe tehnologiýalaryna we azyk önümlerini eltip bermek hyzmatyna ýöriteleşen «Uzum» özbek başlangyç kompaniýasy bazar bahasy ABŞ-nyň 1,16 milliard dollary bolan Respublikadaky ilkinji «ýekeşah» başlangyç kompaniýasy (bazar bahasy 1 milliard dollardan geçen başlangyç kompaniýalar şeýle atlandyrylýar) boldy. Ol ABŞ-nyň 114 000 000 dollary möçberinde maýa serişdelerini özüne çekdi.
Çeşme: ixbt.com

Onlaýn-söwda, maliýe tehnologiýalaryna we azyk önümlerini eltip bermek hyzmatyna ýöriteleşen «Uzum» özbek başlangyç kompaniýasy bazar bahasy ABŞ-nyň 1,16 milliard dollary bolan Respublikadaky ilkinji «ýekeşah» başlangyç kompaniýasy (bazar bahasy 1 milliard dollardan geçen başlangyç kompaniýalar şeýle atlandyrylýar) boldy. Ol ABŞ-nyň 114 000 000 dollary möçberinde maýa serişdelerini özüne çekdi.

Kompaniýa täze maliýe serişdeleriniň üçden iki bölegini özüniň finteh-bölümini kämilleşdirmek, galan bölegini bolsa elektron söwdany ösdürmek üçin ulanmagy maksat edinýär. «Uzum» fiziki şahslar, şeýle hem kiçi we orta telekeçilik üçin kepillendirilmedik karz bermek üçin önümleri işläp düzmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem kompaniýa hususy IT-infrastrukturasyna we logistika ulgamlaryna maýa goýmagy meýilleşdirýär.

Şu ýylyň ahyryna çenli «Uzum» ähli tekliplerini iki sany super mobil programmada birleşdirmegi meýilleşdirýär: olaryň biri sarp edijiler bölümine, beýlekisi bolsa işewürlik pudagyna gönükdiriler.

Başlangyç kompaniýasy tomusda elektron söwda üçin Özbegistanda iň iri logistika toplumyny işe girizer. Başlangyç tapgyrda onuň meýdany takmynan 112 müň inedördül metr bolar, ýöne geljekde ol 500 müň inedördül metrden gowrak meýdana çenli giňelder.

«Uzum» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Jasur Jumaýewiň belleýşi ýaly, ozal özbegistanlylar sosial ulgamlarda onlaýn-söwda edýärdiler we satyjylar bilen ýörite toparlar arkaly aragatnaşyk saklaýardylar.

Emma bu satyjylaryň çäkli mukdarda harytlary bardy. Şeýle hem olaryň logistiki goldawy ýokdy.

«Uzum» kompaniýasy işini logistika ulgamlaryny, köp sanly awtoulag duralgalaryny we ertesi gün eltip bermek hyzmatyny üpjün edýän sargytlary gowşuryş nokatlaryny döretmekden başlady. Gysga wagtda kompaniýa «häzir satyn al, soň töle» (BNPL) hyzmaty bilen maliýe tehnologiýalary ulgamyna girdi. Jumaýewiň bellemegine görä, elektron söwda amallarynyň, takmynan, 45-50%-i BNPL hyzmaty arkaly amala aşyrylýar. Şeýle hem «Uzum» işini azyk önümlerini eltip bermek hyzmatyna çenli giňeltdi we sanly bank döretdi.

Jasur Jumaýew kompaniýanyň mümkinçiliklerini «Amazon» kompaniýasynyň beýleki köp ýurtlarda eden işinde – toplumlaýyn logistika we eltip bermek hyzmatlaryny hödürleýän bazarda görýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026