HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Mart 28, 2024 | 16:37 |5587
2024-nji ýylyň 28-nji martynda ilçi Döwlet Seýitmämmedow Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory Dawid Gurgenidze bilen duşuşdy.2024-nji ýylyň 28-nji martynda ilçi Döwlet Seýitmämmedow Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory Dawid Gurgenidze bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berilen

2024-nji ýylyň 28-nji martynda ilçi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory D.Gurgenidze bilen duşuşdy.

Duşuşykda medeniýet, bilim, ylym ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, özara saparlary gurnamak, bilelikdäki konferensiýalary, leksiýalary hem-de bilelikdäki bilim we ylmy taslamalary durmuşa geçirmek baradaky meselelerine garaldy.

Ilçi, şu ýyl döredijilik mirasy dünýäniň ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol rektory bu senä bagyşlanyp geçirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň toplumlaýyn ösmegi üçin berk esas bolup hyzmat edýän ylym, bilim, medeni we ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek hem-de berkitmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026