HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gämilere günde üç tonna çenli ýangyç tygşytlamaga mümkinçilik berýän ýelken döredildi

Mart 25, 2024 | 16:20 |5641
«BAR Technologies» kompaniýasy gämiler üçin innowasion ýelkenleri döretdi. Olaryň esasy aýratynlygy gämileri ekologiýa taýdan arassa, deňiz ýük daşamalaryny bolsa has amatly etmek ukybydyr.«BAR Technologies» kompaniýasy gämiler üçin innowasion ýelkenleri döretdi. Olaryň esasy aýratynlygy gämileri ekologiýa taýdan arassa, deňiz ýük daşamalaryny bolsa has amatly etmek ukybydyr.
Çeşme: techcult.ru

«BAR Technologies» kompaniýasy gämiler üçin innowasion ýelkenleri döretdi. Olaryň esasy aýratynlygy gämileri ekologiýa taýdan arassa, deňiz ýük daşamalaryny bolsa has amatly etmek ukybydyr.

Şeýle ýelken eýýäm «Pyxis Ocean» gämisinde gurnaldy we synagdan geçirildi. Synagyň dowamynda Hindi we Ýuwaş ummanlarynyň, Demirgazyk hem-de Günorta Atlantikanyň üstünden geçilip, bu taslamanyň netijeliligi subut edildi.

Aýna süýüminden we polatdan ýasalan ýelkenler awtomatlaşdyrylan dolandyryşa eýedir. Olar palubanyň üstünden 37,5 metr belentlikde gurnalýar.

Maksat gämini ýeliň güýji bilen hereket etmäge mejbur etmek däl-de, amatly şemal öwsende işleýän dizel hereketlendirijilerine düşýän agramy azaltmakdyr. Munuň netijesinde günde 3 tonna çenli dizel ýangyjyny tygşytlamak mümkindir.

«BAR Technologies» kompaniýasynyň baş direktory Jon Kuperiň belleýşi ýaly, ýük gämilerine şeýle ýelkenleri oturtmak zäherli zyňyndylaryň möçberlerini azaltmaga kömek eder. Şeýlelikde, hasaplamalara görä, adaty ýük gämisini üç ýelken bilen enjamlaşdyrmak zyňyndylaryň bir ýarym esse azalmagyny üpjün eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026