HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Dermanlyk ösümliklerine bagyşlanyp halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Mart 14, 2024 | 19:11 |7691
Şu gün (14.03.2024ý.) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserlerinden ugur alnyp “Dermanlyk ösümlikleri: bioekologiýasy, biotehnologiýasy, bioykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 13 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 100-den gowrak wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Ýaponiýa, Russiýa, Awstriýa, Wengriýa, Nigeriýa, Gazagystan, Hytaý, Singapur, Hindistan, Efiopiýa we beýlekiler bar.. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, dermanlyk ösümlikler boýunça täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, keselleri bejermekde we öňüni almakda fitoterapiýanyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi.Şu gün (14.03.2024ý.) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserlerinden ugur alnyp “Dermanlyk ösümlikleri: bioekologiýasy, biotehnologiýasy, bioykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 13 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 100-den gowrak wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Ýaponiýa, Russiýa, Awstriýa, Wengriýa, Nigeriýa, Gazagystan, Hytaý, Singapur, Hindistan, Efiopiýa we beýlekiler bar.. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, dermanlyk ösümlikler boýunça täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, keselleri bejermekde we öňüni almakda fitoterapiýanyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi.
Çeşme: guramaçylary tarapyndan berildi

Şu gün (14.03.2024ý.) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserlerinden ugur alnyp “Dermanlyk ösümlikleri: bioekologiýasy, biotehnologiýasy, bioykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 13 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 100-den gowrak wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Ýaponiýa, Russiýa, Awstriýa, Wengriýa, Nigeriýa, Gazagystan, Hytaý, Singapur, Hindistan, Efiopiýa we beýlekiler bar.. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, dermanlyk ösümlikler boýunça täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, keselleri bejermekde we öňüni almakda fitoterapiýanyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi.

1 (4)-1.jpg

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we dermanlyk ösümlüklerden işlenip taýýarlanan önümlere bagyşlanyp sergi guraldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem ýaňy-ýakynda Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda döredilen “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkeziniň ylmy-önümçilik bölümleriniň hem-de uniwersitetiň Umumy we amaly biologiýa institutynyň täze işläp taýýarlamalary görkezildi. Uniwersitetiň gerbariý gaznasynda eýýäm 100 ýyldan hem köp wagt bäri saklanyp gelýän ösümlikler gory sergä gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Şol bir wagtyň özünde sergi sanly ulgam arkaly maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň ählisine göni ýaýlymda görkezildi.

2 (9)-1.jpg

Halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler dermanlyk ösümlikleriň bioekologiýasy, biotehnologiýanyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly dermanlyk häsiýetli önümleri öndürmek hem-de olary gorap saklamak, dermanlyk ösümlikleriň bioykdysady ähmiýetini öwrenmek ýaly möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler. Uniwersitetiň professor-mugallymlary öz çykyşlarynda häzirki wagtda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen dermanlyk ösümliklerden nanobölejikleri almak boýunça alnyp barylýan ylmy işler dogrusynda belläp geçdiler, şeýle hem dermanlyk ösümlikleri toplumlaýyn öwrenmekde we derman serişdelerini öndürmekde nanotehnologiýanyň tutýan orny baradaky çykyşlara aýratyn ýer berdiler. Esasy mejlis tamamlanandan soňra maslahatyň işi Dermanlyk ösümlikleriň bioekologiýasy, Dermanlyk ösümlikleriň biotehnologiýasy, Dermanlyk ösümlikleriň bioykdysadyýeti atly 3 sany bölümde dowam etdi. Bölümleriň işi tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar Dermanlyk ösümlükleri giňden öwrenmekde we olary gorap saklamakda döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar hem-de halkara ylmy-amaly maslahaty öz işini tamamlady.

3 (6)-1.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026