Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetde durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň oňyn netijesini belledi

Mart 02, 2024 | 00:50 |7757
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlaryndaky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlaryndaky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlaryndaky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 107,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň iki aýynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy hem 1,1 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,3 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026