HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan Russiýa bilen serhetde gury ýer portuny gurmagy meýilleşdirýär

Mart 01, 2024 | 13:18 |6785
Gazagystan täze gury ýer portuny gurmagy meýilleşdirýär diýip, «24KZ» teleýaýlymy habar berýär.Gazagystan täze gury ýer portuny gurmagy meýilleşdirýär diýip, «24KZ» teleýaýlymy habar berýär.
Çeşme: bizmedia.kz

Gazagystan täze gury ýer portuny gurmagy meýilleşdirýär diýip, «24KZ» teleýaýlymy habar berýär.

Gury ýer porty Respublikanyň Kostanaý sebitiniň senagat zolagynda, Russiýa bilen serhetden uzak bolmadyk ýerde ýerleşer. Gazagystanyň demirýol geçelgelerine we awtoulag ýollaryna amatly girişi üpjün eder.

Logistika merkezi ýükleri gaýtadan işlemek we ýurduň içinde hem-de daşynda paýlamak üçin niýetlenendir. Onuň gurluşygy üçin maýa goýujylar 34 milliard tenge (76 million dollar) bölüp bererler.

Bu serişdeler portuň infrastrukturasyny we tehniki üpjünçiligini döretmek üçin ulanylar. Şeýle hem býujet serişdeleriniň hasabyna Telekeçiligi ösdürmek we infrastruktura gurluşygy gaznasy arkaly döwlet tarapyndan goldaw berilmegine garaşylýar.

2023-nji ýylda Gazagystan demirýol ulagy arkaly Russiýa ýükleriň eksportyny artdyrdy. Mundan başga-da, Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň (ÝYB) çäklerinde Bileleşigiň bitewi üstaşyr ulgamyny döretmek barada Ylalaşyk işlenip düzülýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026