“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar
Mart 01, 2024 | 20:32 |6800


“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri sanly ulgam arkaly Tbilisi şäherinde geçirilen Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji okuw maslahatyna gatnaşdylar diýip, agentligiň saýtynda habar berilýär.
Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça täze pikirleri öňe sürmek okuw maslahatynyň baş maksady boldy.
Hususan-da, gatnaşyjylar dolandyryş we hasabatlylyk, howpsuz maglumat alyş-çalyşygy ýaly möhüm strategik ugurlara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Okuw maslahatyna Hazarüsti ulag geçelgeleri assosiasiýasynyň, TRAСEKA-nyň, döwlet edaralarynyň wekilleri, ugurdaş bilermenler gatnaşdylar.
ORIENT news








