HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyň demirgazyk sebiti Türkmenistana eksportyny artdyrýar

Fewral 29, 2024 | 10:09 |4887
Eýran Yslam Respublikasynyň demirgazygynda ýerleşýän Mazenderan sebiti geçen ýyl Türkmenistana umumy bahasy 15 million dollara barabar nebit senagatyna degişli bolmadyk önümleri iberdi.Eýran Yslam Respublikasynyň demirgazygynda ýerleşýän Mazenderan sebiti geçen ýyl Türkmenistana umumy bahasy 15 million dollara barabar nebit senagatyna degişli bolmadyk önümleri iberdi.
Çeşme: mehr.news

Eýran Yslam Respublikasynyň demirgazygynda ýerleşýän Mazenderan sebiti geçen ýyl Türkmenistana umumy bahasy 15 million dollara barabar nebit senagatyna degişli bolmadyk önümleri iberdi. Şeýlelikde, Mazenderan soňky wagtda türkmen tarapy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirýän sebitleriň biri boldy. Bu barada “Tehran Times” neşiri habar berýär.

Degişli döwürde Eýranyň demirgazyk sebiti Türkmenistana eksportyny 13 göterim ýokarlandyrdy. Eýranyň Mazenderan sebitinden iň köp import edijiler Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Russiýa we Yrak döwletleridir. Geçen ýyl bu sebit dünýäniň 50-ä golaý ýurduna umumy bahasy 1,3 milliard dollar bolan önümleri eksport etdi.

Eýranyň bu sebitiniň daşarky bazarlara iberýän önümleriniň aglaba bölegini süýt önümleri, sement, plastmassa we azyk önümleri düzýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy Astrahan oblastynyň mekdebinde açyk sapak geçirdi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy Astrahan oblastynyň mekdebinde açyk sapak geçirdi

17:34 Sentýabr 06, 2026
Stambuldaky Rami kitaphanasy dünýäniň iň gowy «ýaşyl» kitaphanasy diýlip ykrar edildi

Stambuldaky Rami kitaphanasy dünýäniň iň gowy «ýaşyl» kitaphanasy diýlip ykrar edildi

17:20 Sentýabr 06, 2026