HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Rumyniýa parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Fewral 28, 2024 | 15:04 |6601
Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi A. Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň rumyn böleginiň başlygy Anketil-Karoli Kolçar bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi A. Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň rumyn böleginiň başlygy Anketil-Karoli Kolçar bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi A. Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň rumyn böleginiň başlygy Anketil-Karoli Kolçar bilen duşuşdy.

27-nji fewralda geçirilen duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini we ýakyn geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen tarapynyň başlangyjy bilen gurnaldy. Bu nukdaýnazardan, taraplar iki ýurduň arasynda parlamentler derejesinde oňyn özara gatnaşyklaryň bardygyny bellediler.

Taraplar esasy ünsi parlamentara gepleşikleri güýçlendirmegiň zerurlygyny bellediler. Iki ýurduň arasynda 2017-nji ýyldan bäri döredeilen türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň ähmiýetine ünsi çeken taraplar, ýakyn wagtda türkmen-rumyn dostluk toparynyň milli topar düzümini alşyp, toparyň indiki duşuşygyny Aşgabat şäherinde şu ýylyň aprel ýa-da iýun aýynda guramak mümkinçiligine garamak barada ylalaşdylar.

Ilçi medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugruna geçende, 2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TURKSOY) hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde türkmen tarapynyň teklibi boýunça Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek teklibini ýygnaga gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldandyklaryny belläp geçdi.

Taraplar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek barada hem ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026