Lýuksemburgyň öňdebaryjy maliýe gazetinde “Türkmenistanyň 2024-nji ýylda ileri tutýan ugurlary” atly makala çap edildi


Lýuksemburgdaky öňdebaryjy maliýe gazeti bolan, “Agefi Luxembourg” sişenbe güni, 27-nji fewralda "Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky ileri tutýan ugurlary" atly makalany çap etdi. Neşir 12-nji fewralda Brýusseldäki Türkmenistanyň ilçihanasynda geçirilen brifingde diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysynyň Ýewropanyň habar beriş serişdelerine we şeljeriş merkezleriniň wekillerine Türkmenistanyň daşary we içerki syýasatynyň ileri tutulýan we ÝB bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada beren maglumatlaryna salgylandy.
“Agefi Luxembourg” neşiri ilçiniň çykyşynda Türkmenistanyň gurluş özgertmelerine we diwersifikasiýasyna, ýaşyl energiýa geçişine, ulaglaryň durnukly ösüşi ugrundaky başlangyçlaryna we Merkezi Aziýada durnuklylygy saklamak we berkitmek tagallalaryna aýratyn ünsi çekdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň giň, konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyň faktory, bar bolan meseleleriň we gapma-garşylyklaryň çözülmegine syýasy we diplomatik taýdan gepleşiklerde oňyn täsir ediji gural hökmünde kabul edilýän parahatçylyk we bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi.
“Bitaraplyk - bu islendik çökgünlik ýagdaýynda ýönekeý synçynyň orny üçin syýasy ugur däldir, tersine, gatnaşýan taraplaryň içerki işlerine goşulmazdan parahatçylykly çözgütleri gözlemäge we dikeldiş işlerine ynsanperwerlik kömegini bermäge işjeň gatnaşmagy aňladýar"-diýip, gazetda ýazylýar.
Neşir ileri tutulýan “parahatçylyk we howpsuzlyk” nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerinden we parahatçylyk, syýasy we bitaraplyk potensialyndan peýdalanmak bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýändigini we jedelleriň, gapma-garşylyklaryň diplomatik taýdan çözülmegi, şeýle hem medeniýetiň ynanyşmak dialogynyň dikeldilmegini goldaýandygyny görkezýär. Ýurduň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararlaryna laýyklykda 2021-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, 2023-nji ýyl bolsa “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edildi.

Sebit howpsuzlygy nukdaýnazaryndan owgan meselesini ünsden düşürip bolmaz we Türkmenistan bar bolan hakykatlary göz öňünde tutup, goňşy ýurda ykdysady, ynsanperwer we beýleki görnüşli goldawlary bermek bilen, Owganystanda parahatçylygy we ylalaşygy gazanmakda kömek bermegini dowam etdirýär.
Makalada, şeýle hem, Türkmenistanyň innowasiýa ösüşi, hususy pudagy ähli pudaklarda işjeňleşdirmek, maýa goýumlaryny çekmek we ösen tehnologiýalar, dünýä söwda ulgamlarynda integrasiýa ýaly halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary agzalýar.
Aýry-aýry materiallarda ýurduň ýaşyl energetika geçişine, energiýa çeşmelerini çykarmak, daşamak we ulanmak we metanyň zyňyndylaryny azaltmak bilen howanyň üýtgemeginde ýaramaz täsirleri azaltmak meseleleri öwrenilýär.
Gazet häzirki wagtda global gün tertibiniň başynda durýan ulag temalaryna aýratyn üns berdi. Şu ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Brýusselde ÝB-Merkezi Aziýa ulag baglanyşyklary boýunça maýa goýum forumy munuň subutnamasydyr.
“Agefi Luxembourg”, 30 ýyl ozal döredilen, Ýewropanyň maliýe, ykdysadyýet, syýasat, jemgyýetçilik, medeni habarlary boýunça fransuz we iňlis dillerinde aýlyk neşiri we gündelik habar býulleteni (faks) bilen döredilen Lýuksemburgyň öňdebaryjy maliýe gazetidir. Agefi arhiwi (www.agefi.lu) 1996-njy ýyldan bäri onlaýn işleýär we Lýuksemburgdaky iň gadymy hususy onlaýn arhiw bolup, “Factiva DowJones” arkaly dünýäde ýaýradyldy. Paýlamaklyk kiosklarda abuna ýazylmak we satmak arkaly amala aşyrylýar.
Belgiýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň arasyndaky uly bolmadyk ýurt bolan Lýuksemburg Ýewropanyň iň güýçli maliýe maýa goýumlar merkezi hökmünde tanalýar. Onuň media pudagy Köne Dünýä metbugatynda uly täsir galdyrýar we umumy ewropalylar üçin, şol sanda Fransiýada, Germaniýada we Angliýada hyzmatlary hödürlemek däbi bar.
ORIENT news








