HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“RŽD Logistika” Aşgabadyň medeni-seýilgäh toplumyna granit daşlary getirdi

Fewral 27, 2024 | 23:26 |5475
“RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýeti demir ýol ulagynda Russiaýdan Türkmenistana gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmatyny amala aşyrdy. Aşgabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumyny we onuň ýanaşyk ýerlerini hem-de şäheriň ýene bir meýdançasyny granit daşlary we bezeg serişdeleri bilen abadanlaşdyrmak boýunça degişli gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmaty “RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň Sankt-Peterburgdaky şahamçasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu barada “Logistics.ru” neşiri habar berýär.“RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýeti demir ýol ulagynda Russiaýdan Türkmenistana gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmatyny amala aşyrdy. Aşgabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumyny we onuň ýanaşyk ýerlerini hem-de şäheriň ýene bir meýdançasyny granit daşlary we bezeg serişdeleri bilen abadanlaşdyrmak boýunça degişli gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmaty “RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň Sankt-Peterburgdaky şahamçasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu barada “Logistics.ru” neşiri habar berýär.
Çeşme: orient.tm

“RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýeti demir ýol ulagynda Russiaýdan Türkmenistana gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmatyny amala aşyrdy. Aşgabat şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumyny we onuň ýanaşyk ýerlerini hem-de şäheriň ýene bir meýdançasyny granit daşlary we bezeg serişdeleri bilen abadanlaşdyrmak boýunça degişli gurluşyk serişdelerini eltip bermek hyzmaty “RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň Sankt-Peterburgdaky şahamçasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu barada “Logistics.ru” neşiri habar berýär.

Russiýanyň Oktýabr demir ýol şahasyndaky Kupçinsk stansiýasyndan Türkmenistanyň Gypjak demir ýol menziline gurluşyk serişdelerini daşamak hyzmaty birnäçe tapgyrda alty aýyň dowamynda ýerine ýetirildi. Eltilen gurluşyk serişdeleriniň umumy möçberi 68 ýük wagonyna barabar boldy.

“Bu eýýäm örtgi serişdelerini öndürýän öndürijiniň harytlaryny Türkmenistana eltmek boýunça paýdarlar jemgyýetiniň şahamçasy tarapyndan ýerine ýetirilen ikinji iri taslamadyr. 2021-nji ýylda 105 wagondan ybarat ýük mümkin bolan gysga wagtyň içinde, ýagny 5 aýda Türkmenistana eltildi. Medeni-taryhy ýadygärlikleri döwrebaplaşdyrmak örän jogapkärli iş bolup, logistika hyzmatlarynyň bökdençsiz ýola goýulmagyny we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini talap edýär. Şahamçamyzyň şeýle taslama gatnaşmagyna döredilen mümkinçilige ýokary baha berýäris we geljekde hem Russiýanyň demirgazyk-günbataryndaky iri kärhanalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge, önüm öndürijileriň ekport ibermelerini giňeltmägine ýardam etmegi meýilleşdirýäris” diýip, “RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň Sankt-Peterburgdaky şahamçasynyň başlygy Maksim Losýew aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026