Aragatnaşyk pudagynyň gelin-gyzlary «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşiginiň (Gran pri) Baş baýragyna eýe boldy


26-njy fewralda, paýtagtymyzyň «Ak altyn» toý mekanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik 4 şert boýunça geçirildi:
Tanyşlyk – ady, wezipesi, ýerine ýetirýän işi bilen tanyşdyrmak;
Hünär aýratynlygynda ýerine ýetirýän wezipesini mahabatlandyryp, iş pursatlaryndan sahna goýmak;
Gadymdan gelýän el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek;
Milli lybaslary ýaýbaňlandyrmakda ussatlyklaryny görkezmek.
Halkara Zenanlar güni 8-nji mart baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen bu bäsleşikde çykyş eden zähmet joşgunly gelin-gyzlarymyz müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyza sarpasyny we mährem söýgüsini görkezdiler.
Gelin-gyzlarymyzyň çykyşlarynyň şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanmagy bolsa Watanymyza, halkymyza, mukaddes ojagyna wepaly gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulýandygyna şaýatlyk etdi.
Bäsleşigiň (Gran pri) baş baýragyna «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň 09 sorag-jogap we serwis gullugynyň 09 sorag-jogap toparynyň telefonisti Göwher Şamuhammedowa eýe boldy.

«Aragatnaşyk pudagynyň gelin-gyzlary Ata-Watanymyza bolan söýgüsini, özüne ynanylan işde anyk netijäni gazanmak üçin ak ýürekden zähmet çekýärler we ýurdumyzda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Şu günki bäsleşikde hem aragatnaşykçy gelin-gyzlarymyzyň Baş baýraga mynasyp bolmagy, ählimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy» diýip, «Türkmentelekom» EAK-nyň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Gözel Taýjykowa gürrüň berdi.
Şeýle hem, bäsleşikde 1-nji 2-nji we 3-nji ýerlere mynasyp bolan gelin-gyzlar gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Halkara Zenanlar güni 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan bäsleşige gatnaşan ähli gelin-gyzlara sowatlar we Hormat Hatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň jemi uly ruhybelentlige, aýdym-sazlara we şowhuna beslendi.
Gelin-gyzlarymyz dabaranyň ahyrynda mährem enelerimiziň el hünärlerini, milli gymmatlyklarymyzy we däp-dessurlarymyzy hormatlaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
ORIENT news








