HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Microsoft» özüniň emeli aň ulgamlaryny elýeterli eder

Fewral 27, 2024 | 20:04 |7183
«Microsoft» özüniň emeli aň ulgamlaryny elýeterli eder. Bu barada tehnologiýa ägirdiniň wekilleri Barselonada geçirilýän ykjam tehnologiýalar kongresinde (MWC) aýtdylar. Bu barada «Euronews» habar berýär.«Microsoft» özüniň emeli aň ulgamlaryny elýeterli eder. Bu barada tehnologiýa ägirdiniň wekilleri Barselonada geçirilýän ykjam tehnologiýalar kongresinde (MWC) aýtdylar. Bu barada «Euronews» habar berýär.
Çeşme: playground.ru

«Microsoft» özüniň emeli aň ulgamlaryny elýeterli eder. Bu barada tehnologiýa ägirdiniň wekilleri Barselonada geçirilýän ykjam tehnologiýalar kongresinde (MWC) aýtdylar. Bu barada «Euronews» habar berýär.

Olaryň bellemeklerine görä, munuň özi ýurtlara emeli aň tehnologiýalarynyň binýadynda täze ykdysady ulgamlary döretmäge mümkinçilik berer.

Munuň üçin kompaniýa bütin dünýädäki işläp düzüjiler üçin bulut emeli aň infrastrukturasyna elýeterliligi giňeltmegi göz öňünde tutýar.

«Bu ýerde, Barselonada geçirilýän Bütindünýä ykjam tehnologiýalar kongresinde biz emeli aňa elýeterliligi üpjün edýän mehanizmi tanyşdyrýarys. Aslynda, bu ony diňe özümiz üçin döretmeýändigimizi aňladýar. Biz ony bütin dünýädäki kompaniýalaryň emeli aň ulgamynda özleriniň oýlap tapyşlaryna maýa goýmagy üçin elýeterli edýäris» diýip, «Microsoft» kompaniýasynyň wise-prezidenti Bred Smit «Euronews» habarlar gullugynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde belledi.

Ol her bir adamyň bu tehnologiýany ulanyp, emeli aň ulgamynyň binýadynda programma üpjünçiligini, öz ykjam goşundylaryny we ş.m. döredip bilmegi üçin kompaniýanyň emeli aň maglumatlaryny gaýtadan işleýän merkezleriň gurluşygyna ummasyz köp maýa goýýandygyny aýtdy.

Şeýle hem «Microsoft» kompaniýasynyň wise-prezidenti emeli aňy gorag galkany hökmünde ulanmagyň, ony zyýanly emeli aň ulgamyny ýüze çykarmak üçin peýdalanmagyň möhümdigini belledi.

«Microsoft» kompaniýasynyň ösýän emeli aň bazaryndaky gatnaşygyny giňeltmek maksady Barselonadaky ykjam tehnologiýalar kongresinde emeli aň ulgamynda iş alyp barýan «Mistral AI» fransuz kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasy bilen subut edilýär.

«Microsoft» meşhur «ChatGPT» çat-botyny döreden «OpenAI» kompaniýasyna eýýäm köp maýa goýdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026