HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Demirýollary” AGPJ halkara gatnaw ugurlarynda ýokary hilli ýük ýüklemek–düşürmek hyzmatlaryny hödürleýär

Fewral 27, 2024 | 22:23 |7553
“Demirýollary” AGPJ-niň 20-nji şahamçasyna degişli bolan ýük stansiýalary halkara gatnaw ugurlarynda import-eksport we tranzit ýükleri üçin hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär. Menziller tarapyndan amala aşyrylýan  täze hyzmatlar ulag amallarynyň möçberlerini artdyrmak  we söwdany ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.“Demirýollary” AGPJ-niň 20-nji şahamçasyna degişli bolan ýük stansiýalary halkara gatnaw ugurlarynda import-eksport we tranzit ýükleri üçin hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär. Menziller tarapyndan amala aşyrylýan  täze hyzmatlar ulag amallarynyň möçberlerini artdyrmak  we söwdany ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Çeşme: awtoulag.gov.tm

“Demirýollary” AGPJ-niň 20-nji şahamçasyna degişli bolan ýük stansiýalary halkara gatnaw ugurlarynda import-eksport we tranzit ýükleri üçin hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär. Menziller tarapyndan amala aşyrylýan täze hyzmatlar ulag amallarynyň möçberlerini artdyrmak we söwdany ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ahal welaýatyndaky Änew stansiýasynyň ýük bölümi täze hyzmatlary ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýerde demir ýollary bilen gelip gowuşýan gurluşyk, azyk ýüklerini, şol sanda armatura, sement, un we ösümlik ýagy ýaly ýükleri düşürmek hyzmaty ýerine ýetirilýär.

Beýleki möhüm stansiýalaryň biri hem Lebap welaýatyndaky Türkmenabat stansiýasydyr. Bu ýerde Eýrandan getirilýän ýükleri, şol sanda armatura we sement ýüklerini Owganystana gidýän ulaglara ýüklemek hyzmaty amala aşyrylýar. Häzirki ýagdaýy hasaba alnanda, her aýda üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberi 5 müňden 10 müň tonna çenli ýetýär. Häzirki wagtda 20 wagondan 1360 tonna armatura awtoulaglara ýüklenilýär.

Eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi Türkmenistanyň halkara bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Mysal üçin, Türkmenistanda öndürilen kükürt dürli ýurtlara, şol sanda Hytaýa we Marokka eksport edilýär. Ýakynda Sarahs stansiýasynda 100 müň tonna kükürdi ýüklemek boýunça degişli işler geçirildi. Bu ýük Eýranyň Bender Abbas portuna ugradyldy.

“Demirýollary” AGPJ-niň şahamçalarynyň wekilleri dürli stansiýalaryň, şol sanda Sarahs, Etrek, Türkmenabat, Kerki, Zerger, Mary, Altyn asyr, Gypjak we Daşoguz stansiýalarynyň ýük bölümlerindäki amala aşyrylýan hyzmatlaryň bahalarynyň müşderiler üçin eleýeterlidigini nygtaýarlar. Bu çäreler Türkmenistanyň daşary-ykdysady işini ösdürmäge we dünýä söwdasyndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026