HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanyň haryt-çig mal biržasy türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Fewral 29, 2024 | 13:26 |6495
Türkmenistanyň ilçisi Şadurdy Meredowyň we Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary Nabihon Samatowyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, işewür gatnaşyklary giňeltmek hem-de söwda dolanyşygyny artdyrmak meseleleri maslahatlaşdyldy.Türkmenistanyň ilçisi Şadurdy Meredowyň we Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary Nabihon Samatowyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, işewür gatnaşyklary giňeltmek hem-de söwda dolanyşygyny artdyrmak meseleleri maslahatlaşdyldy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň ilçisi Şadurdy Meredowyň we Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary Nabihon Samatowyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, işewür gatnaşyklary giňeltmek hem-de söwda dolanyşygyny artdyrmak meseleleri maslahatlaşdyldy.

Duşuşgyň dowamynda türkmen ilçisine özbek söwda biržasynyň platformasynyň işi bilen tanyşdyryldy. Bu platforma häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde iň iri söwda meýdançalaryň biri hökmünde tanalaýar.

Birža söwdalarynyň elektron ulgamy esasynda işleýän “Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýeti Respublikada öndürilýän gara we reňkli metallar, nebit önümleri, pagta süýümi, pagtany gaýatdan işlemekden alynýan önümler, mineral dökünler, şeker, bugdaý uny, bugdaý we şuňa meňzeş harytlaryň söwda amallaryna milli we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň deň hukukly gatnaşmagyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär.

“Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýetiniň Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Russiýada, Belarusda, Hytaýda, Türkiýede, BAE-de we başga-da birnäçe ýurtda söwda meýdançalary hereket edýär. Daşary ýurtlarda täze söwda meýdançalaryny açmagyň esasy maksady birža söwdasynyň bazar gurallaryny ulanmak arkaly telekeçileriň we önüm öndürijileriň Özbegistanyň we beýleki döwletleriň harytlar bazarlaryna özara elýeterliligini ýeňilleşdirmekden ybaratdyr.

Iki ýurduň işewürlik düzümleriniň arasynda ýakyn özara gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen “Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasy” paýdarlar jemgyýeti we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy 2013-nji ýylda Daşkent şäherinde Hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026