HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Özbegistana barar

Fewral 27, 2024 | 12:52 |7880
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmnistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrjak saparynyň özara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine, bilelikdäki möhüm taslamalaryň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmnistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrjak saparynyň özara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine, bilelikdäki möhüm taslamalaryň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Çeşme: e-cis.info

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmnistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrjak saparynyň özara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine, bilelikdäki möhüm taslamalaryň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi. Bu barada goňşy Özbegistan döwletiniň Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen hatynda bellenýär.

Özbek Lideri Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanyp, Özbegistanda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleri guramaga türkmen tarapynyň işjeň gatnaşjakdygyna umyt bildirdi.

Şol çäreleriň hatarynda ýaş ýerine ýetirijileriň arasynda “Magtymgulynyň goşgularynyň esasynda döredilen aýdymlary iň gowy ýerine ýetiriji” atly bäsleşigi geçirmek; Magtymguly Pyragynyň “Saýlanan eserlerini” hem-de onuň döredijiligi baradaky ylmy makalalaryň ýygyndysyny neşir etmek; kino we teatr sungatynyň ussatlarynyň gatnaşmagynda çeper filmi hem-de sahna oýnuny döretmek; “Özbek edebiýatynda we sungatynda Magtymgulynyň döredijiliginiň eýeleýän orny” atly halkara ylmy maslahaty ýokary derejede geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda geçiriljek çäreleriň Magtymgulynyň ýubileýiniň şu ýyl ÝUNESKO-nyň howandarlygynda dünýä derejesinde giňden belleniljek çärelere özüniň goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026