HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Gazagystan atly sport ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýýar

Fewral 27, 2024 | 01:30 |11170
Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasynyň binasynda Gazagystanyň “JORYQ” atly sport federasiýasynyň ýolbaşçysy Bakytžan Turlybekow bilen duşuşyk geçirildi.Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasynyň binasynda Gazagystanyň “JORYQ” atly sport federasiýasynyň ýolbaşçysy Bakytžan Turlybekow bilen duşuşyk geçirildi.
Çeşme: liter.kz

Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasynyň binasynda Gazagystanyň “JORYQ” atly sport federasiýasynyň ýolbaşçysy Bakytžan Turlybekow bilen duşuşyk geçirildi. Ol Gazagystanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň çäklerinde guraljak “Beýik meýdan ýörişi” (Ұлы дала жорығы) atly marafon taslamasy barada gürrüň berdi. Dürli ýurtlardan azyndan 15 toparyň gatnaşjak atly marafonunyň geçmeli aralygy 500 kilometre uzar.

Turlybekow Türkmenistanda atly sport görnüşlerini we atçylygy ösdürmäge jogapkär düzümler bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi. Ilçi Batyr Rejepow bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan edip, özara tejribeeriň alşylmagynyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny, atly sportuň milli däplerini wagyz etmäge ýardam etjekdigini belledi.

2 (2).jpg

Ilçi atly sport görnüşlerini ösdürmekde Türkmenistanda alnyp barylýan işler, sebitde atçylyk pudagynda halkara derejeli ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup durýan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň işi barada gürrüň berdi.

“JORYQ” atly sport federasiýasynyň ýolbaşçysy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen hyzmatdaşlyga hem-de türgenleşikleri geçirmegiň usulyýetlerini işläp taýýarlamakda, türgenleri taýýarlamakda, okuw maksatnamasyny gollanmalar bilen üpjün etmekde tejribeleri alyşmaga taýýardygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026