HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Çagyryş boýunça harby gullukçy küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynda ýeňiji boldy

Fewral 27, 2024 | 00:05 |9623
Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň oýunlary 26-njy fewralda tamamlandy. Ýylyň iň abraýly bäsleşikleriniň biri bolan bu çempionatda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň №2112 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysym esger Allaýar Şirliýew (FIDE/ Elo reýtingi – 2111) ýeňiji boldy.Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň oýunlary 26-njy fewralda tamamlandy. Ýylyň iň abraýly bäsleşikleriniň biri bolan bu çempionatda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň №2112 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysym esger Allaýar Şirliýew (FIDE/ Elo reýtingi – 2111) ýeňiji boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Küşt federasiýasy

Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň oýunlary 26-njy fewralda tamamlandy. Ýylyň iň abraýly bäsleşikleriniň biri bolan bu çempionatda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň №2112 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysym esger Allaýar Şirliýew (FIDE/ Elo reýtingi – 2111) ýeňiji boldy. Ol mümkin bolan 11 utukdan 9-syny gazanmagy başardy.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň tälimçisi, daşoguzly sport ussatlygyna dalaşgär Şahruh Turaýew (reýtingi – 2183) Utuk boýunça Allaýar bilen deň görkezijini toplady. Emma goşmaça görkezijiler onuň ikinji orunda ýerleşmegini üpjün etdi.

1 (1).jpg

Daşoguz şäherinde geçen bäsleşikde 3-nji orny eýelän aşgabatly mekdep okuwçysy Azim Saryýew özüniň Elodaky reýtingini 80 utuk ýokarlandyryp, 1900-e ýetirmegi başardy.

Çempionatda çekelişli oýunlar diňe baýrakly orunlar ugrunda geçirilmän, eýsem geljek hepde erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasyna gatnaşmak üçin ýollanmany üpjün edýän iň güýçli altylyga girmek ugrunda hem boldy.

2 (1).jpg

7,5 utuk toplan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Halynyýazow we Lebap welaýatyndan türgen, 8 ýaşa çenlileriň arasynda ozalky çempion, FIDE ussatlygyna dalaşgär Şageldi Gurbandurdyýew degişlilikde 4-nji we 5-nji orunlary eýelediler.

6-njy orna bir wagtda 7 utuk toplan 8 oýunçy dalaşgärlik etdi. Ýöne goşmaça görkezijiler Türkmen döwlet bedenteriýe we sport institutynyň talyby Muhammet Ezizowa Türkmenistanyň küşt boýunça ýokary ligasynyň oýunlaryna gatnaşmaga şert döretdi.

3.jpg

Bäsleşigiň ýeňijilerine kubok, medallar, şahadatnamalar we pul sowgatlary gowşuryldy. Ilkinji 10 orny eýelän oýunçylara Daşoguz şäheriniň “DZ Burgerhouse” restoranynyň sowgatlyk sertifikatlary hem berildi.

Bäsleşik şweýsar ulgamda 11 aýlawda geçirilip, oňa jemi 56 küştçi gatnaşdy. Bäsleşigiň netijelerini şu salgydan giňişleýin öwrenip bilersiňiz.

4.jpg

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň işgärleriniň mälim etmegine görä, iki küştçi – ýurduň häzirki çempiony, grossmeýster Maksat Atabaýewiň we 17 ýaşa çenli mekdep okuwçylaryň arasynda geçen ýyldaky Aziýa çempionatynyň altyn medalynyň eýesi Amanmuhammet Hommadowyň 3 – 17-nji mart aralygynda geçiriljek Ýokary liga oýunlaryna gatnaşmaga eýýäm hukuklary bardyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026