Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa toplumynyň zenan işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşige badalga berildi


Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa toplumynyň zenan işgärleriniň arasynda geçirilýän bäsleşige badalga berildi. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary” hem-de “Türkmendemirýollary” agentlikleri bäsleşigi guraýjylar bolup çykyş edýär.
Bäsleşigiň birinji tapgyry agentlikleriň derejesinde ýaýbaňlandyryldy. Olarda ýeňiji bolan gelin-gyzlar ýaryşyň ikinji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.
Ýeňijileri kesgitlejek jemleýji bäsleşik gulluk lybasynda özüňi, alyp barýan işiňi tanyşdyrmakdan we milli el işleri boýunça ukyp-başarnyklary görkezmekden hem-de milli lybaslaryň, şaý-sepleriň gözelligini görkezmekden ybarat bolar.
ORIENT news








