Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çagalary begendirmek üçin 3300 kilometrden tonnalap gar getirtdi

Fewral 25, 2024 | 19:55 |9936
Hytaýyň täjirçilik ulag kompaniýasy ýurduň sowuk demirgazygyndaky Harbin şäherinden onlarça tonna gary tropiki günortada ýerleşýän Guançžou şäherindäki  howandarlyga mätäç çagalaryň mekdebine getirtmek üçin 28 000 dollar çykdajy etdi.Hytaýyň täjirçilik ulag kompaniýasy ýurduň sowuk demirgazygyndaky Harbin şäherinden onlarça tonna gary tropiki günortada ýerleşýän Guançžou şäherindäki  howandarlyga mätäç çagalaryň mekdebine getirtmek üçin 28 000 dollar çykdajy etdi.
Çeşme: scmp.com

Hytaýyň täjirçilik ulag kompaniýasy ýurduň sowuk demirgazygyndaky Harbin şäherinden onlarça tonna gary tropiki günortada ýerleşýän Guançžou şäherindäki howandarlyga mätäç çagalaryň mekdebine getirtmek üçin 28 000 dollar çykdajy etdi.

Resmi taýdan bu waka “Beijing Truck Home Information Technology” kompaniýasynyň öndürýän sowadyjylaryryny mahabatlandyrýan çäre bolsa-da, gatnaşan sürüjiler we işgärler üçin çagalaryň şatlygyny görmek aýratyn rolgundyryjy boldy. Bu başlangyç kompaniýanyň ýolbaşçylaryna täze sowadyjy zynjyrly awtoulag modellerini uzak aralyga synag etmekçi bolanda ýüze çykdy.

1.jpg

Dört günüň içinde Harbinden Guançžou şäherine çenli 3300 kilometr aralygy geçen ulag kerweni Sinçži çagalar sagaldyş merkezine geldi. Ýük awtoulaglarynda “Gar bilen söweşini guralyňmy?” diýen ýazgyly plakatlar ýerleşdirildi.

Uzak aralykdan getirilen gar düşürilenden soň, 2000-e golaý autist we beýleki fiziki mümkinçiligi çäkli çagalar, şeýle hem olaryň ene-atalary we mugallymlary lezzet almaga mümkinçilik aldylar.

2.jpg

Ýük daşaýjy kompaniýanyň işgäri: “Biz günortadaky ýörite mekdebe gar sowgadyny eltýäris, çagalara garda oýnamak we gardan dürli şekilleriýasamak şatlygyny başdan geçirmäge mümkinçilik berýäris" -diýdi.

Mekdep mugallymlary “South China Morning Post” gazetine Sinçžidäki käbir çagalaryň käbiriniň şu wagtda çenli gary bir gezek hem görmändigini aýtdylar. Gar bu sebitden gaty uzak ýerde ýagýar we ol ýerlere çagalary syýahata äkitmek üçin ene-atalaryň ýeterlik serişdeleri ýok.

“Bu tebigatda geçirilen sapaga döndi. Adatça synpda çagalara suratlary görkezip, bu gar, bu bolsa gar adamy diýip düşündirýäris. Bu gezek olar bu zatlary gözleri bilen görmäge we täsirini duýmaga mümkinçilik aldylar” diýip, mekdebiň bir mugallymy aýdýar.

“Gar sowugam bolsa, ol bu ýerdäki ähli adamlaryň ýüregini eredip bildi” başga bir adam has şahyrana belläp geçdi. “Ýük awtoulag kerweni gar däl-de, uzak aralykdan söýgi getirdi” diýip, onlaýn synçy belleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026