HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk önümleri, gurluşyk harytlary hem-de türkmen halylary ýerlenildi

Fewral 24, 2024 | 12:44 |5381
Anna güni, 23-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk önümleri, gurluşyk harytlary hem-de türkmen halylary ýerlenildi.Anna güni, 23-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk önümleri, gurluşyk harytlary hem-de türkmen halylary ýerlenildi.
Çeşme: exchange.gov.tm

Anna güni, 23-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk önümleri, gurluşyk harytlary hem-de türkmen halylary ýerlenildi.

Daşarky bazarda Türkiýäniň, Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri «TPP D 30 S» kysymly polipropileni we «SN-180» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Olar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden arassalanmadyk guradylan buýan köküni we kök baldagyny satyn aldylar.

Şeýle hem olar nah ýüplügini satyn almak boýunça türkmen kompaniýalary bilen geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni we satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen, aşgarlanmadyk nah ýüplügini, bir adamlyk, iki adamlyk we maşgala üçin «Kreton» taýýar düşekçe toplumyny satyn almak barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Türkmen telekeçileri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýna we elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 20 227 470,31 manada we 13 872 920 dollara deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026