Änew 26-njy martda türki dünýäsiniň medeni paýtagty maksatnamasyny açýar


Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegine bagyşlanan çäreler 26-njy martda başlanar. Çäreleriň açylyş dabarasy Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýän “Nowruz ýaýlasy” meýdançasyndaky “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň konsert zalynda geçiriler.
Dürli türki halklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek dabaralaryň çäklerinde konsert, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileri, suratçylaryň eserleri, halkara ylmy maslahaty, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahaty bolar. Daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda metbugat-maslahatyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.
Wise-premýer Mährijemal Mämmedowa anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu çäreleriň meýilnamasy barada Prezidentimize hasabat berdi. Ol baýramçylyk çäreleri mynasybetli ýurdumyza daşary ýurtly ýokary derejeli myhmanlaryň, görnükli alymlaryň, suratkeşleriň we beýleki döredijilik işgärleriniň geljekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.
ORIENT news








