HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmendemirýollary" agentligi Fransiýanyň "Arterail" fransuz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar

Fewral 23, 2024 | 17:22 |11258
"Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleri Fransiýanyň demir ýol ulgamlaryna hyzmatlary hödürlemäge ýöriteleşen “Arterail” kompaniýasynyň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler."Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleri Fransiýanyň demir ýol ulgamlaryna hyzmatlary hödürlemäge ýöriteleşen “Arterail” kompaniýasynyň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler.
Çeşme: orient.tm

"Türkmendemirýollary” agentliginiň wekilleri Fransiýanyň demir ýol ulgamlaryna hyzmatlary hödürlemäge ýöriteleşen “Arterail” kompaniýasynyň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler. Oňa fransuz kompaniýasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Žerom Garsýan we kompaniýanyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen demirýolçulary ýurduň demirýol infrastruktura taslamalary, demirýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri bilen fransuz hünärmenlerini tanyşdyrdylar. Fransiýaly hünärmenler öz gezeginde Türkmenistanyň demirýol ulaglary edarasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändiklerini we bar bolan taslamalara gatnaşyp, ýurduň ykdysadyýetine öz saldamly goşantlaryny goşmagy maksat edinýändiklerini beýan etdiler.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin “Arterail” kompaniýasynyň wekiliýetini Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Demirýol ulaglary pudagynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ýola goýmak bilen baglylykda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek üçin resminamanyň taslamasyny taýýarlamak babatda hem pikir alyşmalar boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

23:44 Sentýabr 14, 2026
Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

23:39 Sentýabr 14, 2026
Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

23:36 Sentýabr 14, 2026