HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen kanunçykaryjylary aýdyňlygy we netijeli kanunçykaryjylygy ilerledýärler

Fewral 23, 2024 | 14:44 |8371
20-23-nji fewral aralygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda kanunçykaryjylyk prossesiniň halkara tejribesi boýunça dört-günlük okuw maslahatyny gurnady.20-23-nji fewral aralygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda kanunçykaryjylyk prossesiniň halkara tejribesi boýunça dört-günlük okuw maslahatyny gurnady.
Çeşme: USEmbassy Ashgabat PAS

20-23-nji fewral aralygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda kanunçykaryjylyk prossesiniň halkara tejribesi boýunça dört-günlük okuw maslahatyny gurnady.

2-2.JPG

Sazlaşykly işleýän kanunçylyk ulgamy netijeli döwlet dolandyryşyny, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaklygy we durmuş-ykdysady ösüşi ilerletmegi üpjün etmekde diýseň ähmiýetlidir. USAID milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk edýär we durmuş-ykdysady hem-de döwlet dolandyryş maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaklykda ýardam berýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde, USAID Türkmenistanyň deputatlary üçin parlament işi boýunça halkara öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrýan okuw maslahatlaryny gurnady we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda parlament ulgamlaryny ýakyndan öwrenmek maksady bilen Türkmenistanyň parlamentarileri üçin okuw saparyny hem gurnamaklyga goldaw berdi.

3-2.JPG

USAID-iň dünýädäki kanunçykaryjylyk usullaryna bagyşlanan okuw maslahaty interaktiw sessiýalaryň, mysallary öwrenmekligiň we amaly ýumuşlary ýerine ýetirmegiň üsti bilen okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň hemmetaraplaýyn mümkinçiliklerini berkitmeklerine ýardam berdi. Şeýle başlangyçlar arkaly, USAID Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň aýanlygynyň, hasabatlylygynyň we netijeliliginiň güýçlendirilmegine ýardam berýär we döwletiň durmuşy we ykdysady ösüşine goşant goşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026