HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ahal welaýatynyň häkimi Eýranyň Demirgazyk Horasan sebitine iş saparyny amala aşyrdy

Fewral 23, 2024 | 13:28 |11570
Ahal welaýatynyň häkimi Röwşen Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Eýranyň Demirgazyk Horasan sebitine iş saparyny amala aşyryp, sebitiň häkimi we beýleki ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.Ahal welaýatynyň häkimi Röwşen Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Eýranyň Demirgazyk Horasan sebitine iş saparyny amala aşyryp, sebitiň häkimi we beýleki ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.
Çeşme: sahebkhabar.ir

Ahal welaýatynyň häkimi Röwşen Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Eýranyň Demirgazyk Horasan sebitine iş saparyny amala aşyryp, sebitiň häkimi we beýleki ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

"Barna" habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, Demirgazyk Horasan sebitiniň häkimi Mohammad Reza Huseýnnejat iki ýurduň medeniýetleriniň umumylylygy we ozal baglaşylan Demirgazyk Horasan we Ahal welaýatlarynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň ähmiýetini belledi. Ol türkmen wekiliýetiniň şu gezekki jogap saparynyň barşynda täze ylalaşyklaryň baglaşyljakdygyna umy bildirdi.

1.jpeg

Demirgazyk Horasan sebitiniň häkimi bu sebitde ýaşaýan ilatyň 10 göteriminiň türkmenlerdigini sözüniň üstüne goşdy. "Biziň 300 kilometre uzaýan araçägimiz bar, Arkadag şäheri biziň Boýnord şäherimize örän golaýdyr. Şonuň üçin-de iki tarapyň arasynda serhetýaka gatnaşyklaryny ýola goýmak ýerlikli bolar" diýip, ol aýtdy.

Röwşen Hojagulyýew Eýranyň we Türkmenistanyň arasynda söwda we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek ugrunda tagallalaryň edilýändigini belledi we şu gezekki wekiliýetiň düzüminde medeniýet, gurluşyk, saglygy goraýyş, söwda-ykdysady ulgamlarynyň wekilleriniň sapar bilen gelendigini, Ähtnamada göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

2.jpeg

Ol şeýle hem Ahal welaýatynyň çäklerinde öňdebaryjy enjamlar ornaşdyrylan döwrebap hassahanalaryň hereket edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, iki sebitiň saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda özara tejribe alyşmak üçin sanly ulgam arkaly duşuşyklary guramak öňe sürüldi.

Demirgazyk Horasan sebitiniň Söwda-senagat palatasy bilelikdäki söwda merkezini döretmegi, bilelikdäki ýörite ykdysady zolagy ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegi, bilelikdäki maýa goýumlary giňeltmegi öňe sürdi.

3.jpg

Gepleşikleriň barşynda eýran tarapy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Ahal welaýatynyň häkiminiň ýaolbaşçylygyndaky topar Demirgazyk Horasan sebitiniň lukmançylyk edaralaryna we Boýnord şäherinde ýerleşýän "Morfam" medeni-taryhy toplumyna baryp gördüler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026