HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenawtoulaglary» agentliginde ýylyň şygaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Fewral 23, 2024 | 14:42 |9933
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Türkmenawtoulaglary» agentliginde duşuşyk geçirildi diýlip, agentligiň saýtynda habar berilýär.Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Türkmenawtoulaglary» agentliginde duşuşyk geçirildi diýlip, agentligiň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: awtoulag.gov.tm

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Türkmenawtoulaglary» agentliginde duşuşyk geçirildi diýlip, agentligiň saýtynda habar berilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylara döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan beýik şahyr hem-de akyldar Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda beýan edilen filosofik pikirler barada gürrüň berildi. Olarda beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýelemäge çagyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gymmatly öwüt-ündewleriniň we maslahatlarynyň esasynda ýaşlaryň türkmen jemgyýetindäki ornuny pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Çäre Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, ýurduň Baş prokuraturasynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, şeýle hem Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olarda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň mirasyny wagyz etmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

22:39 Iýun 18, 2026
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026