HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Samsung” telewizor önümçiliginde öňdeligi saklady

Fewral 23, 2024 | 14:58 |7954
“Samsung” telewozorlary öndürmekde dünýäde 18 ýyldan bäri öňdebaryjy bolmagynda galýar. Geçen ýylyň jemleri boýunça kompaniýa telewizor bazarynyň 30,1% -ini eýeledi.“Samsung” telewozorlary öndürmekde dünýäde 18 ýyldan bäri öňdebaryjy bolmagynda galýar. Geçen ýylyň jemleri boýunça kompaniýa telewizor bazarynyň 30,1% -ini eýeledi.
Çeşme: 3dnews.ru

“Samsung” telewozorlary öndürmekde dünýäde 18 ýyldan bäri öňdebaryjy bolmagynda galýar. Geçen ýylyň jemleri boýunça kompaniýa telewizor bazarynyň 30,1% -ini eýeledi.

Tehnologiýa bazaryny seljermäge ýöriteleşen “Omdia” ylmy-barlag kompaniýasynyň bilermenleriniň aýtmaklaryna görä, “Samsung” kompaniýasy bu pudakda 2006-njy ýyldan bäri eýeleýän öňdebaryjy ornuny has-da pugtalandyrdy.

Koreý öndürijisiniň üstünligi uly ekranly modellere we premium telewizorlara, ýagny “QLED” we “OLED” ekranly önümlere has köp üns bermegi bilen baglanyşyklydyr.

2017-nji ýylda önümçilige girizilen wagtyndan bäri, iň täze “Neo QLED” modellerini hem goşmak bilen, “Samsung-yň” “QLED” telewizorlarynyň 40 milliondan gowragy satyldy. Diňe 2023-nji ýylda “QLED” ekranly telewizorlaryň 8,31 milliony satyldy. Hususan-da, ekranynyň diagonaly 75 dýuýmdan gowrak, bahasy 2500 dollardan ýokary bolan telewizorlaryň has köp satylandygy bellärliklidir. Has takygy, kompaniýanyň bahasy 2500 dollardan geçýän önümleriniň umumy satuwdaky paýy 60,5% boldy. Şonuň 33,9%-i diagonaly 75 dýuýmdan uly, 30,4%-i hem 90 dýuýmdan uly bolan ekranly telewizorlara degişlidir.

Mundan başga-da, kompaniýa 2023-nji ýylda şeýle modelli telewizorlaryň 1,1 millionyny satyp, “OLED” telewizor bazarynda uly üstünlik gazandy. “Samsung” 2024-nji ýylda hem satuwyny artdyrmagy meýilleşdirýär.

Şeýle hem, kompaniýa emeli intellekt binýatly tehnologiýalar arkaly önümleriniň innowasion ösüşini dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Şeýlelikde, Sarp edijileriň halkara elektronika sergisinde (CES 2024) kompaniýa şekilleri ulaldýan we emeli intellekt algoritmlerini ulanyp ekranyň durulygyny ýokarlandyrýan ewolýusion häsiýetli “NQ8 AI Gen3” prosessoryny tanyşdyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026