HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hakynyň Milli Lideri raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi

Fewral 23, 2024 | 14:11 |5213
Öňde goýlan wezipeler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasy başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň gün tertibinde duran soraglar bilen bagly geçirmeli işlerimiz hem köp diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belledi.Öňde goýlan wezipeler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasy başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň gün tertibinde duran soraglar bilen bagly geçirmeli işlerimiz hem köp diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belledi.
Çeşme: maslahat.gov.tm

Öňde goýlan wezipeler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasy başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň gün tertibinde duran soraglar bilen bagly geçirmeli işlerimiz hem köp diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda belledi.

Şunuň bilen baglylykda, raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara hususy hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak, döwre görä emläk, eýeçilik, şertnama-hukuk, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet hyzmatlaryny sanly ulgamlar arkaly amala aşyrmak, hukuk kömegini bermek, telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, ykdysady işjeňligi üpjün etmek, ulag we logistika, dürli pudaklarda sanly hyzmatlary ösdürmek, kärhanalaryň işini, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, gurluşyk işleriniň kadalaryny düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmek, oba hojalyk önüm öndürijileri, tohumçylyk işini höweslendirmek, howanyň üýtgemegi, ekologiýa ýaly meselelere degişli kanunçylygy seljerip, möhüm işleri geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy durmuş syýasaty barada aýdyp, iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklaryny döwrebap kadalaşdyrmak, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak, ýaşlary goldamak, saglygy goramak ýaly meselelere degişli kanunçylygy yzygiderli seljerip, degişli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambuldaky Rami kitaphanasy dünýäniň iň gowy «ýaşyl» kitaphanasy diýlip ykrar edildi

Stambuldaky Rami kitaphanasy dünýäniň iň gowy «ýaşyl» kitaphanasy diýlip ykrar edildi

17:20 Sentýabr 06, 2026
Türkmenistandaky Fransuz instituty Açyk gapylar gününe çagyrýar

Türkmenistandaky Fransuz instituty Açyk gapylar gününe çagyrýar

17:02 Sentýabr 06, 2026
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026