HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Batly-Gadam" - Türkmenistanda jorap öndürýän öňdebaryjy kärhana

Fewral 23, 2024 | 00:00 |25898
"Batly-Gadam" hususy kärhanasy Balkanabat şäherinde önümçilik we tehniki bazasy bolan ýeňil senagat pudagynda iş alyp barýan iri hususy kärhanalaryň biri bolup, onuň esasy iş ugry pagta süýüminden nah ýüplügi we jorap önümçiligi bolup durýar."Batly-Gadam" hususy kärhanasy Balkanabat şäherinde önümçilik we tehniki bazasy bolan ýeňil senagat pudagynda iş alyp barýan iri hususy kärhanalaryň biri bolup, onuň esasy iş ugry pagta süýüminden nah ýüplügi we jorap önümçiligi bolup durýar.
Çeşme: Orient.tm

"Batly-Gadam" hususy kärhanasy Balkanabat şäherinde önümçilik we tehniki bazasy bolan ýeňil senagat pudagynda iş alyp barýan iri hususy kärhanalaryň biri bolup, onuň esasy iş ugry pagta süýüminden nah ýüplügi we jorap önümçiligi bolup durýar.

“Batly-Gadam” HK halkara bazarynda çalt ösýän kompaniýa bolup, esasy ugry halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli pagtadan dokma önümlerini öndürmekdir. Kompaniýanyň hödürleýän önümleri ýokary hilliligi we ulanyşda özüniň berkligi bilen tapawutlanýar. Kompaniýanyň assortimentini emele getirmegiň esasy ýörelgesi “iň gowusy we subut edilen”.

Kärhanasy ýurdumyzda ýeňil senagaty ösdürmekde uly işleri amala aşyrýar. Kärhanada dünýäniň ýokary hilli enjamlary we täze innowasion öňde baryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, alty ýüzden köpräk iş orunlary döredilen. Kärhanada ýylda pagta süýüminden 5 000 tonnadan gowrak dürli görnüşdäki ýüplik önümlerini we ýylda boýagly ýüpliklerden dürli görnüşdäki bäsleşige ukyply 18 000 000 jübütden gowrak joraplary öndürilýär.

Bu hususy kärhanada öndürilýän nah ýüpligi we jorap önümleri beýleki analog kärhanalaryňkydan tapawutlylygy, ilkinji nobatda, hiliniň ýokarylygy we bahasynyň amatlylygydyr. Ýene bir belläp geçmeli zadymyz, ol hem önümleriniň sargyt edijilere wagtynda üpjün edilmegidir.

Kärhananyň öndürýän jorap önümleri özüniň giň assortimenti bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende belläp geçsek, “Batly-Gadam” hususy kärhanamyzda öndürilýän joraplarr 3 sany harytnyşany esasynda öndürilýär. Olar “Batly-Gadam”, “DAZ” we “EKOL”. Harytnyşanlaryny köpeltmek bilen kärhananyň maksady bazarda eýeleýän göterimini artdyrmak bolup durýar.

Bu gezekki sanymyzda söhbetdeşligi “Batly-Gadam” hususy kärhanasynyň marketing boýunça hünärmeni Ýegensoltan Mämmetnyýazowa bilen geçirdik. Doly söhbetdeşligi şu ýerde görüp bilersiňiz.

"Batly-Gadam" hususy kärhanasy

Telefon: +993 222 28427

Fax: +993 222 29003

Salgysy: Türkmenistan, Balkan welaýaty, ş.Balkanabat, kwartal 185

E-mail: batly-gadam@mail.ru; bg.marketing@mail.ru

Web-sahypasy: https://batly-gadam.com.tm/

Bu neşir USAID-ň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar portaly bilen bilelikde "Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy" atly rubrikanyň çäginde taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026