Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi


Penşenbe güni Aşgabatdaky Mejlisler merkezinde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň we Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň esasy temasy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi we 2024-nji ýylda maýa goýumlar maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ileri tutulýan meseleler boldy. Bu barada TDH habar berýär,
Şeýle-de onuň gün tertibinde şu ýylda ýurduň Mejlisi, ministrlikleri, edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde meýilleşdirilen Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlaryndaky iş meýilnamasynyň we çäreleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenýär.
ORIENT news








