HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Apple” oýunlaryň netijelerini we goýum koeffisiýentlerini görkezýän programma goşundyny işe girizdi

Fewral 22, 2024 | 13:25 |8877
Programma üpjünçiligi ýokary sport ligalaryndan oýunlaryň netijelerini, toparyň statistikasyny, goýulýan goýumlaryň tapawudyny we başga zatlary barlamak üçin amatly platforma hyzmatyny üpjün edýär.Programma üpjünçiligi ýokary sport ligalaryndan oýunlaryň netijelerini, toparyň statistikasyny, goýulýan goýumlaryň tapawudyny we başga zatlary barlamak üçin amatly platforma hyzmatyny üpjün edýär.
Çeşme: ru.fanoftech.com

“Apple” kompaniýasy özüniň aýfonlary üçin “Apple Sports” ady bilen täze programma goşundysyny işe girizdi.

Programma üpjünçiligi ýokary sport ligalaryndan oýunlaryň netijelerini, toparyň statistikasyny, goýulýan goýumlaryň tapawudyny we başga zatlary barlamak üçin amatly platforma hyzmatyny üpjün edýär.

Bu programma häzirki wagtda Milli basketbol birleşiginiň (NBA), Milli hokkeý ligasynyň (NHL), Talyp sportunyň milli birleşiginiň (NCAA), Premýer-liganyň we başga-da birnäçe ligalaryň, şol sanda ýaýlyma bermäge “Apple-yň” aýratyn hukuklary bolan “MLS” futbol ligasynyň oýunlaryny goldaýar.

Mobil goşundysy şeýle hem futbo boýunça Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Meksikanyň, Italiýanyň we Fransiýanyň birinjiligi ugurndaky oýunlary hem goldaýar. Onda Beýsbolyň esasy ligasy (MLB), Talyp futbolynyň milli birleşigi (NCAAF) we Zenanlaryň milli futbol ligasynda bolýan duşuşyklar barada maglumatlar ýerleşdiriler.

Programma oýunlara tomaşa etmek üçin “Apple TV Plus” ýa-da beýleki ýaýlyma beriş hyzmatlaryna geçmäge mümkinçilik berýär.

Geçen ýyl “Apple” “MLS Season Pass” atly futbol oýunlaryny ýaýlyma beriş hyzmatyny hödürledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026