HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Gazagystanda baýramçylyk çäresi geçirildi

Fewral 22, 2024 | 10:38 |8537
Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Golýazmalar we seýrek neşirler merkezinde beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi we sergisi geçirildi.Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Golýazmalar we seýrek neşirler merkezinde beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi we sergisi geçirildi.
Çeşme: kazakhstan.tmembassy.gov.tm

Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Golýazmalar we seýrek neşirler merkezinde beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi we sergisi geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň Gazagystandaky diplomatik wekilhanalarynyň, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Astana şäherindäki ilçihanasy habar berýär.

Bellenişi ýaly, çärä belli türkmen alymlary, şol sanda TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Ýusup Lallakow hem-de gazagystanly alymlar gatnaşdylar. Çärede ilkinji bolup, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisi Bauyržan Omarow çykyş etdi.

Gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda eserlerinde türkmen halkynyň jebisligini, özbaşdaklygyny arzuw eden beýik söz ussadynyň 300 ýyllygynyň bellenilýän şu ýylynda degişli çäräniň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Ýygnananlar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini gorap saklamak, ony dünýäde wagyz etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan uly işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Şu ýylyň baş şygarynyň “Pahim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez döredijiligini öwrenmegiň aýratyn möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026