HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Fewral 22, 2024 | 10:17 |4336
21-nji fewralda Aşabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.21-nji fewralda Aşabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

21-nji fewralda Aşabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar döwletara gatnaşklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýun esasda yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Bellenişi ýaly, yzygiderli esasda geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary netijeliligi durmuş-ykdysady ösüşiň we taraplaryň her biriniň ileri tutýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň döwletleri, ilkinji nobatda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu ýylyň ýanwar aýynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026