HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi

Fewral 22, 2024 | 10:21 |4184
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Gepleşikleriň barşynda netijeli döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk, birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen bellenildi. Hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryňdyr düzümleriň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Ynsanperwer ugurda ylym, bilim, medeniýet, sport ulgamlary boýunça özara hyzmatdaşlyk türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir.

Özara bähbitlilige we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi taraplaryň hoşniýetliliginiň aýdyň görkezijisi bolup, däbe öwrülen gatnaşyklary hil taýdan täze, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän derejä çykarmak babatdaky maksatlaryny açyp görkezýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de umumy bähbitleriň hatyrasyna işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026