HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saud Arabystanynyň gaznasy Beýik Britaniýanyň iň iri Hitrou howa menzilini satyn alýar

Fewral 22, 2024 | 10:52 |6637
Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýum gaznasy Londonyň iň iri halkara howa menzili bolan Hitrou howa menziliniň 10% paýnamasyny satyn alar. Bu geleşige «Ardian» fransuz maýa goýum kompaniýasy hem gatnaşýar diýip, «Bloomberg» habarlar agentligi habar berýär.Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýum gaznasy Londonyň iň iri halkara howa menzili bolan Hitrou howa menziliniň 10% paýnamasyny satyn alar. Bu geleşige «Ardian» fransuz maýa goýum kompaniýasy hem gatnaşýar diýip, «Bloomberg» habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: globe4all.net

Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýum gaznasy Londonyň iň iri halkara howa menzili bolan Hitrou howa menziliniň 10% paýnamasyny satyn alar. Bu geleşige «Ardian» fransuz maýa goýum kompaniýasy hem gatnaşýar diýip, «Bloomberg» habarlar agentligi habar berýär.

Iki maýa goýujy bilelikde howa menziliniň paýnamalarynyň jemi bahasy, 2,4 milliard funt sterlinge (3 milliard dollara) deň bolan 25 göterimine eýe bolarlar.

Saud Arabystanynda bellemeklerine görä, Patyşalygyň özygtyýarly gaznasy howa menziliniň «uzak möhletli hyzmatdaşy» bolmaga çalyşýar. Çünki Hitrou howa menzili eýýäm Katardan we Singapurdan özygtyýarly gaznalary maýa goýujy hökmünde göz öňünde tutýar.

Bu karar Saud Arabystanynyň has köp daşary ýurtlulary çekmek üçin syýahatçylygy we syýahatçylyk infrastrukturasyny kämilleşdirmek baradaky meýilnamalary bilen baglanyşyklydyr.

Saud Arabystanynyň özygtyýarly gaznasy 1971-nji ýylda esaslandyryldy we ýurdy dolandyryjy nesilşalyk tarapyndan dolandyrylýar. Gaznanyň maksady – nebit eksporty bilen baglanyşykly bolmadyk kompaniýalara we pudaklara maliýe kömegini bermek arkaly ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybarat. Gaznanyň häzirki başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ibn Salman. Gaznanyň umumy serişdeleri 620 milliard dollara barabar.

Saud Arabystanynda bu gazna «Saudi National Bank» we «Saudi Telecom Co.» ýaly iri kompaniýalaryň köpüsine gözegçilik edýär. Şeýle hem bu kompaniýa Patyşalygyň daşyndaky uly baýlyklara eýelik edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026