Hytaýyň daşary syýasaty barada sizi näme gyzyklandyrýar?


Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň mart aýynda boljak 2-nji mejlisiniň çäklerinde Hytaýyň daşary işler ministri ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşup, ýurduň daşary syýasaty bilen bagly soraglaryna jogap berer.
Şu ýyl Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyrylmagyna 75 ýyl dolýar. Ýurt geljekde hem ählumumy hyzmatdaşlygy toruny giňeltmek, köp polýarly dünýäni ösdürmek we ykdysady arabaglanyşyk boýunça alyp barýan işlerini dowam etdirer.
Hytaýyň daşary syýasaty barada sizi näme gyzyklandyrýar? Siz öz soraglaryňyzy China Daily habarlar internet neşiriniň “Seslenmeler” bölümine ýa-da webeditor@chinadaily.com.cn salgysyna elektron hat üsti bilen berip bilersiňiz.
“China Daily” neşiriniň habarçysy siziň soraglaryňyzy metbugat maslahatynda beýan eder.
ORIENT news








