HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi Ýerewan döwlet uniwersitetiniň talyplaryna umumy sapak berdi

Fewral 21, 2024 | 12:39 |4194
Ilçi şeýle hem köp ýyllara uzaýan türkmen-ermeni medeni-edebi gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi.Ilçi şeýle hem köp ýyllara uzaýan türkmen-ermeni medeni-edebi gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 20-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň talyplarynyň öňünde “Magtymgulynyň filosofiki mirasy - Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasydyr ” mowzugynda umumy sapak berdi.

Ilçi şeýle hem köp ýyllara uzaýan türkmen-ermeni medeni-edebi gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi. Ol Gegam Sarýan, Ýegişe Çarens, Silwa Kaputikýan ýaly ermeni şahyrlarynyň eserleriniň türkmen dillerine terjime edilendigini we dürli edebiýat neşirlerinde we žurnallarynda çap edilendigini belledi. Şeýle hem türkmen ilçisi Türkmenistanyň döwürleýin neşirlerinde ermeni ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň türkmen diline terjime edilen eserleriniň neşir edilýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Ilçi M.Aýazow ýygnananlara Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasynyň - agzybirlige, parahatçylyga, dostluga, watansöýüjilik duýgularyna çagyryş aýdymlarydygyny beýan etdi. Sapagyň ahyrynda Magtymulynyň goşgularynyň ermeni diline neşir edilen otkrytkalary talyplara ýadygärlik hökmünde berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026