Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly lukman rus teleýaýlymynyň gepleşiginiň gahrymany boldy

Fewral 20, 2024 | 17:23 |14795
Türkmenistanly onkolog lukman Orazgül Aýmämmedowa “OTR” atly bütinrus federal teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän “Lukmanyň kabulhanasynda” atly gepleşigiň nobatdaky sanynyň gahrymany boldy.Türkmenistanly onkolog lukman Orazgül Aýmämmedowa “OTR” atly bütinrus federal teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän “Lukmanyň kabulhanasynda” atly gepleşigiň nobatdaky sanynyň gahrymany boldy.
Çeşme: Orazgül Aýmämmedowadan alyndy

Türkmenistanly onkolog lukman Orazgül Aýmämmedowa “OTR” atly bütinrus federal teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän “Lukmanyň kabulhanasynda” atly gepleşigiň nobatdaky sanynyň gahrymany boldy.

Orazgül Podmoskowýe sebitindäki Lýubersa şäherindäki Ambulator onkologiýa kömegi bermek boýunça merkezde zähmet çekmek bilen üçünji we dördünji derejeli düwnük keselli adamlaryň ömrüni uzaltmaga ýardam edýär. “OTR” teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň agzalary bilen söhbetdeşlikde, türkmenistanly lukman zenan onkologiýa kesellerine garşy göreşmekde häzirki zaman lukmançylygynyň mümkinçilikleri, onkolog lukmanyň hünäriniň aýratynlyklary we esasy wehimleri barada gürrüň berdi.

Iş tejribesindäki anyk mysallara salgylanyp, Orazgül ýüzlerçe adamy ömür tanapyndan kesýän düwnük keselli hassalara ýardam berýän sagaldyş syrlary beýan etdi.

“Hassanyň keseli ýeňip geçmäge bolan islegi iň esasy zatdyr. Lukmançylygyň mümkinçilikleri hemişe ösüşde, munuň netijsinde täze-täze zatlar döreýär. Bolup geçen zady kabul etmek we kesele garşy göreşmegi öwrenmek zerur” diýip, Orazgül Aýmämmedowa belleýär.

Ol öz iş tejribesinde agyr rak keselli hassalaryň keseli gaýra tesdirip ýaşamagyny dowam etdirip bilendigini birnäçe gezek görendigni aýtdy.

Türkmenistaly lukman bilen geçirilen söhbetdeşlige şu salgy arkaly tomaşa edip bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026