HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň tehnologiýalar boýunça ýokary okuw mekdebi türkmen talyplaryny ders olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar

Fewral 20, 2024 | 07:42 |4963
Sowet Soýuzynyň iki gezek Gahrymany uçarman-kosmonawt A.A.Leonowyň adyny göterýän Tehnologiýalar uniwersiteti Russiýanyň we daşary ýurtlaryň talyplaryny “Çagyryş” ady bilen her ýylda geçirilýän halkara ders olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.Sowet Soýuzynyň iki gezek Gahrymany uçarman-kosmonawt A.A.Leonowyň adyny göterýän Tehnologiýalar uniwersiteti Russiýanyň we daşary ýurtlaryň talyplaryny “Çagyryş” ady bilen her ýylda geçirilýän halkara ders olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Çeşme: smapse.ru

Sowet Soýuzynyň iki gezek Gahrymany uçarman-kosmonawt A.A.Leonowyň adyny göterýän Tehnologiýalar uniwersiteti Russiýanyň we daşary ýurtlaryň talyplaryny “Çagyryş” ady bilen her ýylda geçirilýän halkara ders olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Ýokary okuw mekdebiniň habar bermegine görä, bu ders olimpiadasy A.A.Leonow adyndaky Tehnologiýalar uniwersitetinde magistratura maksatnamasy boýunça okuwyny dowam etdirmek isleýän zehinli ýaşlary ylmy-barlag we bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Olimpiadanyň ýeňijileri 2024-2025-nji okuw ýylyndaky okuwa giriş möwsüminde Russiýa Federasiýasynyň bölüp beren okuw orunlarynyň çäginde magistr bilim maksatnamasyna ýüz tutup bilerler. Olimpiadanyň ýeňijileri we gatnaşyjylary Russiýada okamak isleýän ýaşlara goşmaça mümkinçilikleri hödürleýär.

10-njy marta çenli dowam etjek birinji tapgyryň çäklerinde gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlik geçiriler we 45 minutda çözmek şerti bilen ýumuş berler. Ýeňijileriň sanawy 25-nji marta çenli yglan ediler.

Goşmaça maglumaty ýokary okuw mekdebiniň web-saýtyndan öwrenip bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026