HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rus teleýaýlymy türkmen aýdymçysy bilen gepleşik taýýarlady

Fewral 20, 2024 | 01:50 |64671
Ylýas Paşa ady bilen hem tanalýan türkmen aýdymçy-sazandasy Ylýas Rejepow “Rossiýa 1” teleýaýlymynda ýaýlyma goýberilýän “Ýürekden aýdylan aýdymlar” (“Песни от всей души”) gepleşiginde çykyş etdi.Ylýas Paşa ady bilen hem tanalýan türkmen aýdymçy-sazandasy Ylýas Rejepow “Rossiýa 1” teleýaýlymynda ýaýlyma goýberilýän “Ýürekden aýdylan aýdymlar” (“Песни от всей души”) gepleşiginde çykyş etdi.
Çeşme: smotrim.ru

Ylýas Paşa ady bilen hem tanalýan türkmen aýdymçy-sazandasy Ylýas Rejepow “Rossiýa 1” teleýaýlymynda ýaýlyma goýberilýän “Ýürekden aýdylan aýdymlar” (“Песни от всей души”) gepleşiginde çykyş etdi. Andreý Malahow gepleşigiň ýekşenbe günündäki sanyna türkmen sungat ussadyny çagyrdy we onuň ömri, döredijiligi, şahsy hem-de sungat durmuşy, ömründe gabat gelen zehinli adamlary barada gyzykly gürrüňleri etdiler, şeýle hem aýdymlary aýtdylar.

1 (2).jpg

Ylýas Rejepow Moskwa öz aýdymlary bilen-de geldi. Onuň Waleriýa Ýasenkonyň “Ýyllar, sizi nähili saklap bolar” (“Годы, как вас задержать”) atly goşgusyna döreden aýdymy bu ýerdäki we teleýaýlymdaky tomaşaçylarda aýatyn täsirleri galdyrdy.

2 (2).jpg

Alyp baryjy bir wagtlar Ylýasyň meşhur "Güneş" toparynyň baş aýdymçysy hökmünde Sowet Soýuzynyň hemme ýerine aýlanandygy, şol ýyllaryň suratlaryny we ýazgylaryny, şol sanda "Jemile" atly belli aýdymy çykarandygyny ýatlady.

IMG_20240220_015145.jpg

Ylýas Rejepow toparyň bu aýdym bilen şol döwürlerde giňden tomaşa edilýän “Irdenki poçta” (“Утренняя почта”) gepleşiginde 1989-njy ýylda çykyş edendiklerini belledi.

4 (1).jpg

Aýdym bilen birlikde türkmen aýdymçysy şoumen Malahowa türkmen el halysyny hem getiripdir. Gepleşikde “Dünýäniň iň gözel şäheri” ady bilen Aşgabadyň durmuşyny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Türkmen aýdymçysynyň agtyklary bilen ýerine ýetiren “Bella çao” italýan aýdymyndan soň, “Meniň salgym öý we ýa köçe salgysy däl, ol Sowet Soýuzy...” (“Мой адрес не дом и не улица, мой адрес Советский союз…”) atly aýdym tomaşaçylaryň şowhunyna eýe boldy.

5.jpg

Türkmen aýdymçysy bilen geçirilen gepleşige “Smotrim” atly platformada we onuň goşundysynda islendik wagt tomaşa edip bilersiňiz.

6.jpg

7.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026