HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ilçisi Litwanyň milli baýramçylygynyň resmi çärelerine gatnaşdy

Fewral 19, 2024 | 19:11 |6343
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky we şol bir wagtyň özünde Litwa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, bu ýurtda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň Litwanyň Prezidenti bilen ýyllyk duşuşygyna gatnaşmak üçin Wilnýusa iş sapary bilen bardy.Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky we şol bir wagtyň özünde Litwa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, bu ýurtda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň Litwanyň Prezidenti bilen ýyllyk duşuşygyna gatnaşmak üçin Wilnýusa iş sapary bilen bardy.
Çeşme: Türkmenistanyň Belarusdaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky we şol bir wagtyň özünde Litwa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, bu ýurtda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň Litwanyň Prezidenti bilen ýyllyk duşuşygyna gatnaşmak üçin Wilnýusa iş sapary bilen bardy.

1.jpg

Çarşenbe güni, 14-nji fewralda ilçi Nazarguly Şagulyýew Litwa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýonas Surwil bilen duşuşdy. Olar ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlaryny, şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyklary meýilleşdirmek we guramak ýaly möhüm temalary ara alyp maslahatlaşdylar.

2.jpg

Bu nukdaýnazardan, taraplar 2024-nji ýylda Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň Hökümetara iş toparynyň ikinji mejlisini, şeýle hem birnäçe medeni we ynsanperwer çäreleri geçirmek mümkinçiligine garadylar.

3.jpg

15-nji fewralda Nazarguly Şagulyýew beýleki ýurtlaryň ilçileri bilen birlikde milli baýramçylyk - döwletiň dikeldilmeginiň 106 ýyllygy mynasybetli Litwanyň Prezidenti Gitanas Nausedanyň resmi kabul edişligine gatnaşdy.

4.jpg

Ertesi gün türkmen ilçisi Wilnýusyň merkezindäki Simonas Daukantas meýdanynda Baltika ýurtlarynyň üçüsiniň baýdaklaryny galdyrmak dabarasyna gatnaşdy. Prezident Gitanas Nauseda bu çärede garaşsyzlyk ýyllarynda edilen işler we döwletiň alyp barýan işleri barada çykyş etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026