HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Agajy gaýtadan işlemekde gazanylan üstünlikler awiaýangyjyň bahasyny ep-esli arzanladyp biler

Fewral 19, 2024 | 17:21 |6479
Ösümlikleri gaýtadan işlemekden alynýan bioýangyjyň önümçiligini artdyrmaga ýardam etjek lignin materialyny gaýtadan işlemek tehnologiýasy Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlar topary tarapyndan döredildi.Ösümlikleri gaýtadan işlemekden alynýan bioýangyjyň önümçiligini artdyrmaga ýardam etjek lignin materialyny gaýtadan işlemek tehnologiýasy Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlar topary tarapyndan döredildi.
Çeşme: techcult.ru

Ösümlikleri gaýtadan işlemekden alynýan bioýangyjyň önümçiligini artdyrmaga ýardam etjek lignin materialyny gaýtadan işlemek tehnologiýasy Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlar topary tarapyndan döredildi.

Lignin galyndylara bölünýär we gaýtadan işlemesi kyn serişde hasaplanýar. Şonuň üçin-de ony diňe ýakanlaryny gowy görýärler.

Lignini gaýtadan işlemek üçin organiki himiki tetragidrofuran suwuk kislotalar bilen bilelikde ulanylýar. Häzirki wagtda adaty mekgejöweniň ösümlik galyndysynyň ýerine agaç ýaly ýokary lignin düzümli materiallary ulanmak üçin önümçiligi uýgunlaşdyrmak zerurlyk hasaplanylýar.

Şeýlelikde, ösümlik samanyň her tonnasyndan 167 litr benzin alyp bolar. Lignin bölünişigi goşulanda bu görkeziji 196 litre çenli ýokarlanýar. Şeýle usulda derek agajyndan 287 litr ýangyç alyp bolýar.

Bu usul awiasiýa ýangyjynyň bir gallonynyň (3,79 – 4,55 liter) bahasyny 3,15 dollara çenli azaltmaga mümkinçilik berer. Uçar ýangyjynyň bir gallonynyň häzirki ortaça bahasy 9,28 dollardyr. Awiaýangyjyň bahasy köp babatda berilýän ýeňilliklere, rugsatnamalara we beýleki önümçilik şertlerine baglydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026